Gazagystanda ýurduň ilkinji prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň inisi Kaýrat Satybaldyuly tussag edildi we deslapky tussaghana ýerleşdirildi.
Ol ýurduň esasy milli telearagatnaşyk kompaniýasynda, Kazaktelekomda işleýän wagtynda uly möçberde ogurlyk etmekde güman edilýär.
Gazagystanyň korrupsiýa garşy gullugy Satybaldyulynyň "döwlet howpsuzlygyny gowşadýan beýleki jenaýatlara" gatnaşygynyň derňelýändigini aýtdy.
Nazarbaýewiň inisiniň ogly, “Forbes Gazagystanyň” maglumatyna görä, respublikanyň iň täsirli telekeçileriniň sanawyna girýär.
Satybaldyulynyň baýlygy 163 million dollar diýlip çaklanylýar.
Milli geyimleri geydireniňde name, eger zenanyň kalbynyň özi päk bolmasa. Bozuk hereketleri milli egin-eşiklerde edip bolmazmy eýsem? Zorluk ulanmak arkaly häkimiýet milli egin-eşiklere söýgi dalde beter yigrenç oýarýandyklaryndan habarlary yok