Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Metbugat: Russiýa Ukraina çozuşynyň başyndan bäri Hytaýdan kömek soraýar


Pekin Ukrainadaky uruş babatynda bitarap pozisiýa eýeledi we bu çozuş üçin Moskwany ýazgarmady.
Pekin Ukrainadaky uruş babatynda bitarap pozisiýa eýeledi we bu çozuş üçin Moskwany ýazgarmady.

Ukrainadaky harby hereketlerine goldaw almak üçin, rus häkimiýetleri Hytaýyň özüni harby enjamlar bilen üpjün etmegini sorady diýip, “Finanсial Times”, “The New York Times” we “The Washington Post” habar berýär.

Bu neşirleriň tassyklamagyna görä, Moskwa Ukrainanyň üstüne goşun süreli bäri Pekinden harby enjamlary we beýleki kömekleri sorap gelýär.

“Finanсial Times” gazetiniň çeşmeleriniň maglumatyna görä, söweşiň üçünji hepdesiniň ortalarynda Russiýanyň käbir ok-ýaraglary gutarýar.

“The New York Times” bolsa, öz söhbetdeşlerine salgylanyp, Russiýanyň Hytaýdan günbatar ýurtlarynyň ykdysady sanksiýalarynyň täsirini azaltmak üçin goşmaça ykdysady kömek sorandygyny aýtdy.

Hytaýyň Russiýanyň haýyşyna nähili reaksiýa bildirendigi habar berilmeýär.

Pekin Ukrainadaky uruş babatynda bitarap pozisiýa eýeledi we bu çozuş üçin Moskwany ýazgarmady, ýöne meseläni gepleşikler arkaly çözmeklige çagyrdy.

XS
SM
MD
LG