Çehiýanyň, Polşanyň we Sloweniýanyň premýer-ministrleri, Russiýanyň bu ýurda garşy başlan hüjümini dowam etdirýän wagtynda, Ukraina ikuçsyz goldawlaryny görkezip, 15-nji martda Kiýewe barýarlar.
Çehiýanyň premýer-ministri Petr Fiala twitterde üç lideriň Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski we premýer-ministr Denis Şmyhal bilen duşuşjakdygyny aýtdy.
"Saparyň maksady Ýewropa Bileleşiginiň Ukraina we onuň azatlygyna hem-de garaşsyzlygyna şübhesiz goldaw berýändigini aýan etmekden ybarat" diýip, Fiala aýtdy.
"Şol bir wagtyň özünde, biz saparyň dowamynda Ukraina we onuň raýatlaryna giň goldaw toplumyny hödürläris. Bu sapar barada halkara jemgyýetçiligine, halkara guramalaryna, şol sanda BMG-a hem habar berildi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Rus güýçleri öten agşam, Ukrainanyň garşysyna başlan esassyz urşuny dowam etdirip, Kiýewiň eteklerindäki ýerleriň birnäçesinde hüjümlerini güýçlendirdi.
Fiala, Polşanyň premýer-ministri Mateusz Morawieski we Sloweniýanyň premýer-ministri Janez Jansa Kiýewe otly bilen gidýär diýip, Morawieskiniň kömekçisi Miçal Dwoçyk žurnalistlere aýtdy.
Polýak lideri muny taryhy wezipe diýip atlandyrdy. Ol “taryhyň kebşirleýän ýerinde bolmak" üç premýer-ministriň borjy diýdi. "Sebäbi bu biz babatda däl-de, zalymlykdan azat dünýäde ýaşamaga mynasyp çagalarymyzyň geljegi barasyda. Üç lider köp adamy şindem gijelerine ýerasty stansiýalarda bukulmaga mejbur eden bombalamalar astyndaky bir şähere geler” diýip, ol aýtdy.