Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iki tarap täze gepleşige taýýarlanýar, rus güýçleri Kiýewiň eteklerini we beýleki ukrain şäherlerini nyşana alýar


Mariupol, 14-nji mart, 2022.
Mariupol, 14-nji mart, 2022.

Ukrain we rus gepleşikçileriniň atyşygy togtatmak üçin ýene bir duşuşyk geçirmäge taýýarlanýan wagtynda, rus güýçleri öten agşam Kiýewiň eteklerine edýän hüjümlerini we ýurduň günortasyndaky möhüm porty şäherini, Mariupoly ele geçirmek tagallalaryny güýçlendirdiler.

Kiýewiň ýaşaýyş etraplaryna urlan tapgyrlaýyn zarbalar köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda ullakan ýangynyň döremegine sebäp boldy.

Azyndan iki adam öldürildi we 27 adam halas edildi diýip, Ukrainanyň gyssagly kömek gullugy Facebookda habar berdi.

Ukrain harbylarynyň çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, urşuň iň agyr söweşleriniň biriniň barýan ýeri bolan Irpiniň golaýynda ýerleşýän ýaşaýyş etraplary artilleriýa okuna tutuldy.

Kiýew sebitiniň başlygy Oleksiý Kulebanyň ukrain telewideniýesinde beren habaryna görä, öten agşam we irden Hostomele we Buça hem zarba uruldy.

Rus güýçleri gündogardaky Harkow şäherine urýan artilleriýa zarbalaryny hem gaýtalady diýip, Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň baş ştaby Facebookda aýtdy.

Mariupol häkimiýetleri şähere güýçli howa zarbalarynyň urlandygyny habar berdiler. Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ukrain we rus wekiliýetleriniň arasyndaky gepleşikleriň 15-nji martda dowam etjekdigini aýtdy.

Ol öz wideo ýüzlenmesinde ukrain wekiliýetiniň 14-nji martda geçirilen gepleşikler wagtynda gowy iş edendigini aýtdy, ýöne başga jikme-jiklige geçmedi.

XS
SM
MD
LG