Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus habar programmasynda urşa garşy protest bildiren zenana 30 müň rubl jerime salyndy


Protestçi zenan “Uruş gerek däl. Urşy togtat. Propaganda ynanma. Olar seni aldaýarlar” diýlip ýazylan plakaty galdyrdy.
Protestçi zenan “Uruş gerek däl. Urşy togtat. Propaganda ynanma. Olar seni aldaýarlar” diýlip ýazylan plakaty galdyrdy.

Russiýanyň döwlet telewideniýesinde göni ýaýlymda berilýän habary bölen protestçä, "Birinji kanallyň“ işgäri Marina Owsýannikowa, OVD-Infonyň habaryna görä, 30 000 rubl jerime salyndy.

Owsyannikowa ygtyýar berilmedik çäräni guramak baradaky maddada günäkär tapyldy

Ol 14-nji martda, “Wremýanyň” alyp baryjysy studiýada hökümetiň Günbatar sanksiýalarynyň täsirini azaltmak meýilnamalary barada gürrüň berýän wagtynda, onuň arkasynda birden peýda boldy.

Protestçi zenan “Uruş gerek däl. Urşy togtadyň. Propaganda ynanmaň. Bu ýerde sizi aldaýarlar” diýlip ýazylan plakaty galdyrdy.

Şeýle-de ol "Urşy duruz. Urşa gitme" diýip gygyrdy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ol protestçä sagbolsun aýtdy we "hakykaty aýtmaga synanyşýan ruslara minnetdar" diýdi.

Türmede oturan oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň metbugat wekili Kira Ýarmyş protestçiniň wideosyny Twitterde ýerleşdirdi we ol gysga wagtda millionlarça tomaşaçy toplady.

Syýasy tutda-baslyklara gözegçilik edýän OVD-Info web sahypasy protestçi zenanyň adynyň Marina Owsýannikowa bolandygyny we tussag edilip, polisiýa tussaghanasyna alnyp gidilendigini aýtdy.

Owsyannikowa urşa garşy çykmazyndan öň taýýarlanan wideoýazgyda özüni Birinji kanalyň işgäri hökmünde görkezdi we urşa garşy gürrüň etdi.

XS
SM
MD
LG