Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkiýäniň, Russiýanyň we MA döwletleriniň ýolbaşçylary Serdar Berdimuhamedowy ýeňşi bilen gutlady  


President Sadyr Žaparov Serdar Berdimuhamedowy gutlaýar

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ikinji gün Gurbanguly Berdimuhamedow we Serdar Berdimuhamedow bilen telefonda gepleşip, kiçi Berdimuhamedowy Türkmenistanyň prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady we oňa üstünlik arzuw etdi.

TDH-nyň maglumatyna görä, Wladimir Putin “Türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyny saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bu möhüm we jogapkärli wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi”.

Şeýle-de Putin ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine goşan goşandy üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, onuň Türkmenistanyň mejlisiniň ýokarky palatasynyň başlygy hökmünde Russiýa-Türkmen strategiki hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşmagy dowam etdirjekdigine ynam bildirdi diýip, Kremliň habarynda bellenýär.

Türkmenistanyň täze saýlanan prezidentini gutlamak üçin Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň prezidentleri hem telefon etdi.

Türkmen mediasyndan görnüşine görä, gutlap jaň eden döwlet baştutanlary telefon ilki Gurbanguly Berdimuhamedow bilen söhbetdeş bolýarlar, soň ol telefony ogluna geçirýär.

Merkezi saýlaw toparynyň 15-nji martda çap eden saýlaw netijelerine görä, Serdar Berdimuhamedow 12-nji martda geçirilen irki saýlawlarda 73%-e golaý ses alyp, prezidentiň wezipesine dalaşgärlik eden 8 bäsdeşinden üstün çykdy.

Abraýly halkara toparlary Türkmenistanda şu wagta çenli azat we adalatly hasaplanan saýlawyň geçirilmändigini aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG