Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda ozalky prezidentiň gaýyny ‘saklandy’


 Kaýrat Boranbaýew
Kaýrat Boranbaýew

Gazagystanyň Almaty şäherinde ozalky prezident Nursoltan Nazarbaýewiň gaýyny, ýagny merhum agtygynyň aýalynyň kakasy, tüçjar Kaýrat Boranbaýewiň saklanandygy barada maglumat gowuşýar.

KazTAG habar gullugynyň we Vlast.kz websaýtynyň 15-nji martda maliýe jenaýatlaryna garşy polisiýadaky çeşmelerine salgylanyp beren maglumatyna görä, 55 ýaşly Boranbaýew aýdyňlaşdyrylmadyk korrupsiýa işi boýunça sorag edilenden soň, deslapky tussaghana ýerleşdirilipdir.

Gazagystanyň resmileri bu maglumaty ne tassykladylar, ne-de inkär etdiler.

Boranbaýewiň gyzy, Alima Boranbaýewa, we Nazarbaýewiň agtygy, Aýsultan Nazarbaýew 2013-nji ýylda durmuş gurupdylar. Neşe garaşlylygyndan ejir çekýän Aýsultan Nazarbaýew 2020-nji ýylda 29 ýaşynda Londonda ýogaldy.

Boranbaýewiň saklanandygy baradaky habardan birnäçe sagat öň, gazak resmileri Nazarbaýewiň ýegeni Kaýrat Satybaldýulyň hapa pullary ýuwmak we wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmak aýyplamalary esasynda iki aý möhlet bilen deslapky tussaghana ýerleşdirilendigini mälim etdiler.

XS
SM
MD
LG