Merkezi Ýewropanyň üç ýurdunyň liderleri Ukrainanyň Russiýanyň basybalyjy güýçlerine garşy alyp barýan “gaýduwsyz göreşini” alkyşladylar.
Mundan bir gün öň, Çehiýanyň, Polşanyň we Sloweniýanyň premýer-ministrleri Kiýewde saparda bolup, daşy gabalan şähere we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskä raýdaşlyk görkezdiler.
Bu Russiýanyň çozuşyndan soň daşary ýurt liderleriniň Ukraina eden ilkinji sapary boldy.
Zelenski köp ýurtlaryň Ukrainadaky diplomatiki wekilçiligini çäklendirýän wagty, Ýewropanyň üç lideriniň Ukraina sapar edip, gaýduwsyzlygyny äşgär edendigini aýtdy.