Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa raýat nyşanalaryna ‘aýylganç’ zarba urýar; Baýden Putini 'uruş jenaýatçysy' atlandyrdy


Mariupolyň drama teatry

Russiýa Mariupolda ýüzlerçe raýatyň gaçybatalga edinen teatryny ýumurdy, ukrain häkimiýetleri 16-njy martda gabalan strategiki port şäherinde ýüzlerçe müň adamyň gabawa düşendigini aýtdy.

Teatryň içinde 1200-e golaý adamyň bolan bolmagy mümkin diýip, şäher häkiminiň orunbasary Serhiý Orlow aýtdy.

“Maxar” hemra şekilleri firmasy 14-nji martdaky suratlaryň binanyň öňünde we aňyrsynda rus dilinde “çagalar” sözüniň uly ak harplar bilen ýazylandygyny görkezýändigini aýtdy.

Edil häzir ölenleriň sany belli däl diýip, Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba ruslaryň ýakyn töwerekleri topa tutmagynyň dowam edýän wagtynda ýazan twitinde aýtdy.

Ukrainanyň baş prokurory demirgazykdaky Çernihowda, üç hepdelik söweşiň dowamynda rus güýçleriniň asuda ilata eden soňky ganly hüjümleriniň birinde çörege garaşýan 10 adamy öldürendigini aýtdy.

Kiýewiň häkimi Witali Kliçko rus toplarynyň şäher merkeziniň demirgazygynda we hökümet kwartaly diýilýän ýerden takmynan 2,5 km uzaklykda ýerleşýän Podil şäherçesinde birnäçe ýaşaýyş jaýyna zeper ýetendigini aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Wladimir Putini rus prezidentiniň başlan ganly hüjümi sebäpli ilkinji gezek “uruş jenaýatçysy" diýip atlandyrdy.

Kremliň metbugat sekretary Dmitri Peskow Baýdeniň aýdan sözlerine reaksiýa bildirip, munuň "kabul ederliksiz we bagyşlap bolmajak ritorika" bolandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG