Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Halkara kazyýeti Russiýanyň Ukrainadaky urşuny derrew togtatmagyna çagyrýar


Ukrain prezidenti Wolodimir Zelenski Halkara jenaýat kazyýetiniň prokurory Karim Han bilen wideo söhbetdeşlik wagtynda, Kiýew, 16-njy mart, 2022
Ukrain prezidenti Wolodimir Zelenski Halkara jenaýat kazyýetiniň prokurory Karim Han bilen wideo söhbetdeşlik wagtynda, Kiýew, 16-njy mart, 2022

Halkara Kazyýeti Russiýanyň Ukrainadaky urşy derrew togtatmalydygy barada karar çykardy. Şeýle-de kazyýet Russiýanyň we Kiýewiň konflikti ýitileşdirip biljek çärelerden saklanmagyny talap etdi.

Ukraina BMG-niň halkara kazyýetinde Russiýa garşy geçirilen kazyýet işi boýunça doly ýeňiş gazandy. Kazyýet Russiýany Ukraina edýän hüjümini derrew duruzmaga borçly etdi. Halkara kanunçylygyna laýyklykda, Russiýa kazyýetiň kararyny hökmany suratda ýerine ýetirmeli. Bu karary äsgermezlik etmek Russiýa Federasiýasynyň mundan aňryk hem izolýasiýa edilmegine getirer” diýip, ukrain prezidenti Wolodimir Zelenski twitterde ýazdy.

Hagadaky Halkara kazyýeti Moskwanyň 24-nji fewralda başlan hüjümi baradaky şikaýata 7-nji martda seretmäge başlady. Ukrainanyň şikaýat arzasy atyşygyň ikinji gününde berildi we bu arza örän gysga wagtda garaldy.

Ukrain wekiliýeti Russiýanyň bu hüjüme başlamak üçin görkezen bahanasyny (Donbasda rus dilli ilatyň genosid edilýändigi baradaky aýyplamasyny) düýbünden toslama diýip atlandyrdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ukrainanyň Donbas sebitinde bolup geçen wakalary suratlandyrmak üçin 2014-nji ýyldan tä Ukraina garşy uruş başlanýança "genosid" adalgasyny birnäçe gezek ulandy.

Kazyýet Ukrainanyň öz çäginde genosid edýändigine hiç hili subutnama tapmady.

XS
SM
MD
LG