Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda "Talyban" ýolbaşçylygyndaky Owganystanyň ilçisi işe başlady


17-nji martda Aşgabatda “Talyban” ýolbaşçylygyndaky Owganystanyň Türkmenistandaky täze ilçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Fazil-Mohammad Saberiň işe girişmegine bagyşlanan dabara boldy .
17-nji martda Aşgabatda “Talyban” ýolbaşçylygyndaky Owganystanyň Türkmenistandaky täze ilçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Fazil-Mohammad Saberiň işe girişmegine bagyşlanan dabara boldy .

17-nji martda Aşgabatda “Talyban” ýolbaşçylygyndaky Owganystanyň Türkmenistandaky täze ilçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Fazil-Mohammad Saberiň işe girişmegine bagyşlanan dabara boldy diýip, “Fergana” habar gullugy talyplar hökümetiniň medeniýet we maglumat ministriniň orunbasary Zabiulla Mujahediň twitter sahypasyna salgylanyp habar berýär.

Täze ilçiniň işe girişmegine bagyşlanan dabara Türkmenistan tarapyndan daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew gatnaşypdyr.

Emma Türkmenistanyň Daşay işler ministrliginiň resmi web saýtynda bu habar çap edilmedi.

“Fergana” Türkmenistanyň, Hytaýdan we Pakistandan soň, talyplaryň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň ilçisini kabul eden üçünji ýurt bolandygyny belleýär.

XS
SM
MD
LG