Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan media düzgünleşdirijisi RT telekanalynyň ýurtdaky ygtyýarnamasyny ýatyrýar


Moskwa, Gyzyl meýdandaky TR çadyry
Moskwa, Gyzyl meýdandaky TR çadyry

Angliýanyň metbugat düzgünleşdirijisi Ofcom Russiýanyň RT telekanalynyň Angliýada gepleşik bermek ygtyýarnamasyny “derhal güýje girmek” görkezmesi esasynda ýatyrandygyny aýtdy.

Ofcom 18-nji martda öz web sahypasynda ýerleşdiren beýanatynda bu çäräni "RT ygtyýarnamasy bolan ANO TV Novostiniň Angliýanyň ýaýlym ygtyýarnamasyna laýyk we dogry diýlip hasaplanmazlygy" bilen düşündirdi.

Ofcom bu karary RT-niň Russiýanyň Ukraina çozmagy bilen bagly habarlary näderejde bitarap berýändigine seredýän 29 işiň derňelýän wagtynda kabul edendigini aýtdy.

Şeýle-de beýanatda Ofcom "gysga wagt içinde dörän soraglaryň tebigatynyň uly alada döredýändigini" aýtdy.

Mundan başga, Ofcom RT-nyň mundan öňki düzgün bozmalaryna, bitaraplyk kadasyny bozandygy üçin oňa £200,000 jerime salnandygyna salgylandy.

“Roýters” habar gullugy RT salgylanyp, telekanalyň Ofcomy özüne “galp çemeleşmekde” aýyplandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG