Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Russiýa bilen ilteşikli syýasy partiýalaryň işini togtatdy


Wiktor Medwedçuk
Wiktor Medwedçuk

Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşi ýurtda harby ýagdaýlar düzgüni dowam edýärkä Russiýa bilen ilteşikli 11 syýasy partiýanyň işini togtatdy.

Prezident Wolodymyr Zelenskiý bu karary 20-nji martda eden wideo çykyşynda yglan etdi.

Russiýa bilen ilteşikli iň iri partiýa “Durmuş üçin oppozisiýa platformasy” bolup, onuň 450 agzaly ukrain parlamentinde 44 orny bar. Partiýa rus prezidenti Wladimir Putin bilen dostlukly gatnaşygy bolan Wiktor Medwedçuk ýolbaşçylyk edýär. Putin Medwedçugyň gyzynyň çokundyran atasydyr.

Moskwa bilen dostlukly gatnaşyk saklaýan partiýalaryň sanawyna Ýewhen Muraýew tarapyndan dolandyrylýan “Biziňkiler” partiýasy hem girizildi.

Britan häkimiýetleri Russiýanyň Muraýewi Ukraina ýolbaşçy bellemek isleýändigini duýdurdy.

“Moskwa Ukraina çozup, ony basyp almak meselesine garaýan mahaly Kiýewe russiýaçy lider oturtmak isleýär we Muraýewe ahmal dalaşgär hökmünde garalýar” diýip, Britaniýanyň daşary işler edarasy ýanwarda aýtdy.

XS
SM
MD
LG