Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serdar Berdimuhamedow hökümet agzalarynyň ygtyýarlyklaryny ýatyrdy


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary. Iýul, 2021 ý.

19-njy martda Türkmenistanyň prezidenti wezipesine kasam kabul edip, işe girişen Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň ygtyýarlyklarynyň tabşyrylmagy barada karar kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Işden gidýän hökümet agzalary täze hökümet düzülýänçä öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam etmäge borçly edildi.

Giň ýaýran saýlaw düzgün bozmalary bilen geçirilen prezident saýlawlarynda ýeňiji yglan edilen Serdar Berdimuhamedow şenbe güni Aşgabadyň Ruhyýet köşgünde prezident kasamyny kabul etdi.

Döwlet telewideniýesine görä, täze prezident inaugurasiýa dabarasyndan soňra Aşgabadyň “Oguz han” köşkler toplumyna baryp, ýokary döwlet wezipesindäki borçlaryny ýerine ýetirmäge girişdi.

Türkmenistanda 12-nji martda geçirilen irki prezident saýlawlaryna abraýly halkara synçylar syn etmedi. Azatlygyň habarçylary saýlawlarda ýol berlen bidüzgünçilikler, saýlaw býulletenlerindäki sesleriň üýtgedilmegi, bir adamyň birnäçe ses bermegi, saýlawçylardan Serdar Berdimuhamedowa ses berilmeginiň talap edilmegi ýaly düzgün bozmalar barada habar berdiler.

Merkezi saýlaw topary 72,97 % ses bilen Serdar Berdimuhamedowy ýeňiji yglan etdi.

XS
SM
MD
LG