Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan premýeri Putin bilen gatnaşyklaryň gaýtadan kadalaşdyrylmagyna garşy duýdurýar


Boris Jonson
Boris Jonson

Britaniýanyň premýer ministri Boris Jonson Ukraina garşy esassyz çozuşdan soň, Günbatar ýurtlary rus prezidenti Wladimir Putin bilen gatnaşyklary gaýtadan kadalaşdyrmaga synanyşmaly däl diýdi.

Jonson 19-njy martda Konserwatiw partiýanyň maslahatynda eden çykyşynda Russiýanyň öz goňşusyna garşy amala aşyrýan harby hereketini “dünýä üçin öwrüm nokady” atlandyrdy.

“Dünýäde ‘biz gowusy zulumkeş bilen oňuşmaly’ diýýän käbir adamlar bar. Olar düýpli ýalňyşýarlar” diýip, britan lideri demirgazyk-günbatar Blekpul şäherinde eden çykyşynda aýtdy.

“Mundan soň, Putin bilen, 2014-njy ýylda edişimiz ýaly, gatnaşyklary gaýtadan kadalaşdyrmaga synanyşmaklyk edil şol bir ýalňyşy gaýtalamak bolar, Putin şowsuzlyga uçramaly”

Bu, dünýä üçin öwrüm nokady we saýlaw pursaty. Bu, zulum bilen erkinligiň arasyndaky saýlaw diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG