Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Mariupolda agyr söweş barýar, Baýden Russiýa himiki ýarag ulanmazlyk duýduryşyny berýär


Mariupolda topa tutulan ýaşaýyş jaýlary

Ukrain harbylary rus güýçleriniň esasy infrastruktura we raýat nyşanalaryna edýän agyr bomba hüjümlerini güýçlendirmegine garaşýar, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Russiýanyň sebäpsiz başlan urşunyň Ukrainada duçar bolan gapma-garşylygy netijesinde, Moskwanyň himiki ýaraglary ulanmak ähtimallygyna garşy duýduryş berýär.

Russiýanyň Ukraina garşy başlan urşunyň hepdeden häpdä uzamagy bilen, esasy port şäheri Mariupol üstündäki darkaş söweş meýdanynyň iň bir aldym-berdimli ýerine öwrüldi. Ukrain goragçylary bu ýerde 22-nji martda hem berk durup, rus güýçleriniň ganly hüjümleriniň öňüni almaga çalyşdylar.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Russiýanyň Mariupolda tabyn bolmak baradaky ultimatumyny ret edip, Ukrainanyň öz strategiki portundan ýa beýleki şäherlerinden, şol sanda Harkowdan we Kiýewden hiç wagt çekilip bilmejekdigini aýtdy.

"Ukraina rus talaplaryny ýerine ýetirip bilmeýär. Ozaly bilen biz ýok edilmeli, soň olaryň talaby ýerine ýetirilip biler" diýip, Zelenski 21-nji martda aýtdy.

Ol Russiýanyň Ukrainanyň esasy şäherlerini "tabşyrmagyny" isleýändigini, ýöne ukrain halkynyň-da, prezident hökmünde özüniňde bu talaby ýerine ýetirip bilmejekdigini aýtdy.

Zelenskiniň 22-nji martda Italiýanyň parlament agzalarynyň öňünde wideo arkaly çykyş etmegine garaşylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG