Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Borispiliň häkimi howa menziliniň golaýynda ýaşaýan adamlaryň şäheri terk etmeklerini soraýar 


Borispil aeroporty

Ukrainanyň paýtagty Kiýewiň golaýyndaky Borispil halkara howa menziliniň alkymynda ýerleşýän Borispil şäheriniň häkimi, rus goşunlarynyň ýakynlaşmagy bilen, şäher ilatynyň bu ýerden çykmagyny maslahat berdi.

Şäher häkimi Wolodymyr Borisenko 22-nji martda Facebookda ýerleşdirilen wideo ýüzlenmesinde "edil häzir, eýýäm içinde we töwereginde söweş barýan wagtynda, şäherde bolmagyň zerur däldigini" aýtdy.

"Men parahat ilaty paýhasly bolmaga, habar merkezimize ýüz tutmaga we mümkinçilik dörän badyna şäheri terk etmäge çagyrýaryn" diýip, ol öz ýüzlenmesinde aýtdy.

Ukrainanyň Goranmak ministrligi 22-nji mart güni irden ukrain goşunlarynyň gazaply söweşip, Kiýewiň demirgazyk-günbatar eteginde ýerleşýän Makariwdäki rus goşunlaryny ol ýerden çykmaga mejbur edendigini aýtdy.

Rus goşunlary ýuwaş-ýuwaşdan şäher merkezine golaýlap, Kiýewiň daşyny gabajak bolýana meňzeýär.

Kiýewiň 29 km gündogarynda ýerleşýän Borispil halkara howa menzili Ukrainanyň iň uly aeroporty bolup durýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG