Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron aýry-aýrylykda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski we rus kärdeşi Wladimir Putin bilen mümkin bolan ýaraşyga zerur bolan şertler barasynda telefonda gürleşdi.
22-nji martda çap edilen beýanatda aýdylmagyna görä, telefon söhbetdeşliginde hiç bir "ylalaşyk gazanylmady", ýöne Makronyň "tagallalary dowam etdirmek zerurlygyna ynanýandygy" we Russiýanyň çozuşyna garşy durmakda "Ukrainanyň ýanynda durýandygy” aýdylýar.
Emma Elisse köşgüniň habarynda Putin we Zelenski bilen geçirilen gepleşikleriň jikme-jiklikleri aýdylmaýar.