Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Russiýa bilen dokuz koridor barada ylalaşandygyny aýdýar


Mariupol görnüşi
Mariupol görnüşi

Ukraina birnäçe şäherde galan parahat ilatyň ewakuasiýa edilmegine ýol açmak üçin Russiýa bilen dokuz sany gumanitar koridor açmak ylalaşygyna gelendigini aýtdy.

Wise-premýeriň orunbasary Irina Wereşçuk 23-nji martda ylalaşylan dokuz karidoryň arasynda Mariupoldan Zaporižiýa çenli hem bir koridoryň bardygyny, emma onuň gabaw astyndaky şäheriň merkezinden däl-de, eteginden uç alýandygyny aýtdy.

Mariupoluň merkezinde azyk-suwluksyz we toksuz galan on müňlerçe adam iki hepde gowrak wagt bäri howpsuz ýere çykyp bilmän otyr.

Ol Kiýew sebitinde-de adamlary birnäçe ugur boýunça howpsuz ýere çykarmagyň ylalaşylandygyny aýtdy.

Aýdylmagyna görä, halkara ýazgarmalarynyň we atyşygyň derhal bes edilmegi baradaky talaplaryň arasynda, ýurduň dürli ýerlerinde berk garşylyga sezewar bolup, köp ýitgi çekmeklerine garamazdan, rus güýçleri ukrain şäherlerini, şol sanda ilatly ýerleri agyr bombalamgy dowam etdirýär.

XS
SM
MD
LG