Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stoltenberg Putiniň Ukraina çozup, ‘uly ýalňyşlyk’ edendigini aýdýar


NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg
NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Ukraina sebäpsiz çozmak bilen "uly ýalňyş" goýberendigini aýtdy.

Stoltenberg 24-nji martda, NATO-nyň adatdan daşary sammitiniň öňüsyrasynda eden çykyşynda ýolbaşçylaryň "uzak möhletleýin öňüni alyş we gorag çärelerini täzeden gurmak zerurlygy" barada pikir alyşjakdygyny aýtdy.

Harby bileleşik ýene dördüsini goşmak bilen, Ýewropada ýerleşdirilen gurluşlaryň sanyny iki esse artdyrjakdygyny aýtdy.

Täze gurluşlar Rumyniýada, Wengriýada, Slowakiýada we Bolgariýada ýerleşdiriler.

"Prezident Putin garaşsyz, özygtyýarly döwlete garşy urşa başlamak bilen, uly ýalňyşlyk goýberdi. Ol ukrain halkynyň güýç-kuwwatyna, ukrain halkynyň we ýaragly güýçleriniň batyrgaýlygyna kembaha garady” diýip, Stoltenberg sammitden öň žurnalistlere ýüzlenip eden gysgaça çykyşynda aýtdy.

Şeýle-de ol himiki ýaraglaryň ulanylmagynyň Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky konfliktiň tebigatyny düýpgöter üýtgetjekdigini, sebäbi munuň halkara kanunçylygynyň “gödek” bozulmagy boljakdygyny we "giň hem agyr netijelere" getirjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG