Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rus goşunlarynyň hatarynda Ukrainada öldürilen iki täjik öz watanynda jaýlandy


Azatlyk radiosynyň ýerli habarçylary soňky günlerde Täjigistanyň Hatlon we Sugd sebitlerinde jaýlanan iki täjigiň şahsyýetini anykladylar.

Russiýanyň goşunynda gulluk eden we Ukrainadaky uruşda öldürilen iki täjik esgeriniň jesetleri Täjigistanda jaýlandy.

Hökümete ýakyn çeşmeleriň 23-nji martda Azatlyk radiosynyň Täjik gullugyna beren maglumatyna görä, Ukrainadaky uruşda rus ýaragly güýçleriniň hatarynda söweşen täjigistanly esgerleriň azyndan dört sanysynyň jesedi Täjigistana iberildi.

Azatlyk radiosynyň ýerli habarçylary soňky günlerde Täjigistanyň Hatlon we Sugd sebitlerinde jaýlanan iki täjigiň şahsyýetini anykladylar, olar 50 ýaşly Saidakbar Saidow we 38 ýaşly Ramazon Murtazow. Bu adamlaryň ikisi hem rus goşunynda gulluk edýän wagtynda, Ukrainadaky uruşda öldürilipdir.

Täjikleriň köpüsinde, Duşenbe bilen Moskwanyň arasynda baglaşylan ýörite ylalaşyga örä, goşa täjik we rus raýatlygy bar.

2-nji martda 498 esgeriniň öldürilendigini habar beren Moskwa çozuşyň başyndan bäri jemi näçe esgerini ýitirendigini aýtmaýar.

Emma muňa garamazdan, NATO-nyň bir resmisiniň AP habar gullugyna beren maglumatyna görä, ruslaryň 24-nji fewralda, bir aý ozal başlan uruşda ýitiren esgerleriniň sanynyň 7,000 bilen 14,000 aralygynda bolup biljekdigi çaklanylýar. Ýöne bu maglumatlary garaşsyz ýagdaýda tassyklamak mümkin däl.

XS
SM
MD
LG