Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Baş Assambleýasy ukrain ilatynyň goralmagyny talap edýän rezolýusiýany tassyklady


Ses berişligiň görkezijisi
Ses berişligiň görkezijisi

BMG Baş Assambleýasy Ukrainadaky parahat ilatyň we raýat infrastrukturasynyň goralmagyny we urşuň haýal etmän togtadylmagyny talap edýän karar kabul etdi. Bu kararyň hökmany güýji ýok.

BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda, 24-nji martda tassyklanan karara 193 agzaly assambleýada 140 ýurt goldaw bildirdi; dört ýurt - Siriýa, Belarus, Demirgazyk Koreýa we Eritreýa Russiýa goşulyp, bu karara garşy ses berdi, 38 ýurt bolsa ses bermekden saklandy.

Rezolýusiýa "Russiýa Federasiýasynyň Ukraina garşy duşmançylygyň, hususan-da asuda ilata we raýat obýektlerine garşy edilýän hüjümleriň haýal etmän bes edilmegini talap edýär". Şeýle-de bu karar asuda ilatyň, medisina işgärleriniň, kömek işgärleriniň we žurnalistleriň goralmagyny talap edýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2-nji martda kabul eden maslahat beriji karary hem Russiýadan güýç ulanmagyny derrew bes etmegini talap edipdi. Şonda bu rezolýusiýa 141 ýurt goldaw bildirdi.

XS
SM
MD
LG