ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Brýusselde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Ukraina hüjüm etmezinden ozal Günbataryň bu ýurdy goldamakdaky aýgytlylygyna kembaha garandygyny we Günbatar döwletleriniň Moskwa garşy sanksiýa girizmekde, ukrain goşunyna harby goldaw bermek meselesinde beýle jebis bolup biljekdigini hasaba almandygyny aýtdy.
Baýden Brýusselde NATO-nyň, ÝB-niň we G7 ýurtlarynyň 24-nji martda geçirilen sammitlerinden soň guralan metbugat ýygnagynda ruslaryň Ukraina çozmagynyň diňe Belgiýanyň paýtagtynda duşuşan ýaranlaryň we hyzmatdaşlaryň arasyndaky agzybirligi has-da pugtalandyrandygyny aýtdy.
“NATO hiç wagt şu günki ýaly jebisleşen ýagdaýda bolmandy. Putin Ukraina goşun sürmek bilen niýetini diken zadyna derek düýpden başga zat alýar” diýip, prezident Baýden NATO liderleri bilen duşuşanyndan soň aýtdy.
NATO agzalarynyň we olaryň ýaranlarynyň Moskwa garşy girizen sanksiýalar tapgyry eýýäm rus rublunyň hümmetiniň gaçmagyna we umuman RF ykdysadyýetiniň gowşamagyna sebäp boldy.
Dördünji gün Angliýa we ABŞ rus syýasatçylaryna, işewürlerine we emeldarlaryna garşy goşmaça sanksiýalar toplumyny yglan etdi.
Şeýle-de Jo Baýden, eger Russiýa Ukrainada himiki ýarag ulansa, NATO-nyň muňa çäre görjekdigini aýtdy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.