Gazagystanyň kazyýeti iki oppozisiýa toparynyň tarapdarlaryna garşy dowam edýän basyşlaryň çäginde, Gazagystanyň gadagan edilen Demokratik saýlawyny (DVK) we onuň egindeşi, hasaba alynmadyk Koşe (Köçe) partiýasyny aç-açan goldamakda aýyplap, bir aktiwisti üç ýyl azatlykdan mahrum etdi.
Demirgazyk-günbatar Oral şäheriniň kazyýeti 24-nji martda, 2020-2021-nji ýyllarda DVK we Koşe partiýalary tarapyndan guralan rugsat berilmedik protestleri gurnamakda we oňa gatnaşmakda günäkär tapanyndan soň, Murat Sapiýewe şertli ýagdaýda tussaglyk hökümini çykardy.
Şeýle-de, kazyýet Sapiýewiň bäş ýyllap jemgyýetçilik we syýasy çärelere gatnaşmagyny gadagan etdi.
Sapiýew öz pikirlerini we garaýyşlaryny beýan etmek hukugyndan peýdalanýandygyny aýdyp, özüne bildirilen aýyplamalary ret etdi.
Aktiwistiň aklawçysy häzire çenli hökümden edilen şikaýat barada hiç hili karara gelinmändigini aýtdy.
Gazagystanly aktiwistleriň köpüsine soňky ýyllarda DVK we Koşe partiýalarynyň işine baglanyşygy we bu iki topar tarapyndan gurnalan protestlere gatnaşandygy üçin uzak möhletli türme tussaglygy ýa-da şertli azatlykdan mahrum etmek hökümleri çykaryldy.
DVK-a Gazagystanyň BTA bankynyň ozalky baş müdiri we Gazagystanyň hökümetini aç-açan tankytlaýan Muhtar Ablýazow ýolbaşçylyk edýär.
Gazak häkimiýetleri DVK-ny ekstremist diýip atlandyrdylar we 2018-nji ýylyň mart aýynda gadagan etdiler.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.