Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Truss: Russiýa garşy girizilen käbir sanksiýalar ‘ok atyşyklaryň doly bes edilmeginden we goşunyň çykarylmagyndan soň’ ýatyrylyp bilner


Britaniýanyň daşary işler sekretary Liz Truss

Britaniýanyň daşary işler sekretary Liz Truss Russiýanyň esassyz Ukraina çozmagyna jogap edip rus elitasyna we biznesine girizilen gadagançylyklaryň, eger-de rus prezidenti hüjümi bes edip, “mundan beýläk agressiýanyň bolmajakdygyna” kepil geçse, ýatyrylyp bilinjekdigi aýtdy. Truss bu barada Sunday Telegraph neşirine beren interwýusynda aýtdy.

Ol mümkin parahatçylyk gepleşiklerine hemaýat berer ýaly “gepleşikler toparynyň” esaslandyrylandygyny hem belledi.

Truss bu sanksiýalaryň diňe ok atyşyklaryň doly bes edilmeginden we rus goşunynyň Ukrainadan çykarylmagyndan soň, şeýle-de mundan beýläk agressiýanyň bolmajakdygyna kepil geçilmeginden soň ýatyryljakdygyny nygtady.

Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski Putine söweşleri bes etmek boýunça çynlakaý gepleşikleri geçirmek barada ençeme gezek teklip etdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Putiniň töweregindäkilere girizilen dürli gadagançylyklaryň “mydamalyk häsiýete eýe däldigini” aýdypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG