Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Nawalnyny yzarlan FSB agentleri öldürilmezinden öň Nemtsowa hem gözegçilik edipdir


Boris Nemtsow

“Insider”, “Bellingcat” we BBC neşirleriniň žurnalistleri oppozisiýa syýasatçysy Boris Nemtsowyň janyna kast edilmezinden öň bir ýyllap FSB işgärleri, Russiýanyň Federal howpsuzlyk býurosynyň agentleri tarapyndan yzarlanandygyny anykladylar.

Derňewçi žurnalistler onuň, belki-de, janyna kast edilen beýleki oppozisionerleri, şol sanda Alekseý Nawalnyny, Wladimir Kara-Murzany we Dmitriý Bykowy yzarlan FSB agentleri tarapyndan yzarlanandygyny aýdýarlar.

Nemtsowyň yzarlanmagy ol Wladimir Putiniň ýakyn töweregindäki adamlara garşy girizilmeli sanksiýalaryň giňeldilmegi üçin işjeň herekete başlanyndan soň başlanyp, 21-nji fewralda, syýasatçy Kremliň diwarlarynyň golaýynda atlyp öldürilmezinden birnäçe gün öň bes edildi, FSB işgärleri şondan soň onuň yzyna düşmediler, soňky sapara gitmediler diýip, derňewde aýdylýar.

Bronlanan biletler boýunça alnan maglumatlara görä, Nemtsowy FSB-niň azyndan üç işgäri - Waleriý Suharýew, Dmitriý Suhinin we Alekseý Kriwoşekow dagy yzarlady.

Waleri Suharewiň we Kriwoşekowyň atlary ozal “Bellingcat” neşiriniň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň we Nemtsowyň ýarany Wladimir Kara-Murzanyň, şeýle-de şahyr we žurnalist Dmitriý Bykowyň zäherlenmegi bilen baglanyşykly geçiren derňewlerinde hem agzaldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG