Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Deňsizligiň görülmedik derejede köpelmegi bilen, AI dünýä liderlerini açgözlükde aýyplaýar 


“Amnesty International” guramasynyň baş sekretary Agnes Kallamard

“Amnesty International” guramasy syýasy liderleri we korporasiýa ýolbaşçylaryny girdejini adamlardan ileri tutup, koronawirus pandemiýasyndan soň bütin dünýäde beren dikeldiş wadalaryna “dönüklik etmekde” aýyplady.

Adam hukuklarynyň goralyşyna gözegçilik edýän gurama 29-njy martda çap edilen ýyllyk hasabatynda syýasy we işewür ýolbaşçylary dünýäni pandemiýadan alyp çykmak meselesinde "ýalan wada bermekde" aýyplady we olaryň sany köpelýän konfliktleri ýatyrmagyň hötdesinden gelmekden geçen, tersine, ‘has beter agzalalyk tohumlaryny” sepip, ýagdaýy has çylşyrymlaşdyrýandyklaryny öňe sürdi.

"Lider yzyndan lider çuň ornaşan we pandemiýanyň täsirini güýçlendirýän deňsizlik meselelerini çözmek, has gowy “dikeldiş gurmak” wadalaryny berdi” diýip, “Amnesty International” guramasynyň baş sekretary Agnes Kallamard aýtdy.

“Muňa derek olar, korporatiw läheňler bilen dil düwşüp, dönükligiň we açgözlügiň betbagtçylykly basnýasyny sahnalaşdyrdylar. Bu oýnuň bütin dünýäde oýnalmagy bilen, onuň netijeleri has gowuşgynsyz jemgyýetler, şol sanda endemik garyplygyň öň hatarynda duranlar üçin has-da zyýanly boldy” diýip, Halkara günä geçiş guramasynyň başlygy aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG