BMG-nyň parahatçylygy goraýjy güýçleriniň sekiz wekili - alty sany pakistanly, bir rus we bir serb Kongo Demokratik Respublikasynda (DRK) missiýasyny berjaý etmek üçin dikuçarly gidip barýarka heläkçilige uçrady. Bu BMG we Pakistanyň resmileri tarapyndan 29-njy martda tassyklandy.
BMG-nyň Baş sekretary General Antonio Guterrişiň metbugat wekili heläkçiligiň bolandygyny tassyklady we ölenleriň sekizisiniň raýatlygyny mälim etdi.
Pakistan harbylary dikuçary gözlemek işleriniň geçirilýändigini we heläkçiligiň takyk sebäbiniň entek kesgitlenmändigini aýtdylar.
Pakistanyň premýer-ministri Imran Hanyň "çuňňur şok we gynanç duýgusyny" bildirýändigi we ýurduň ýaragly güýçleriniň parahatçylygy döretmek ugrunda alyp barýan tagallalaryna hormat goýýandygy onuň hökümet edarasynyň beýanatynda aýdyldy.
DRK-nyň harby häkimiýetleri ulagy "M23" toparyň gozgalaňçylarynyň "atandygyny" aýtdy. Ýöne topar bu aýyplamany ret edip, dikuçaryň heläkçiligine Kongonyň goşunynyň jogapkärdigini öňe sürdi.
BMG-nyň DRK-daky durnuklaşdyryş missiýasy (MONUSCO) Kiwu welaýatynyň Rutşuru sebitinde gözleg işlerine barýan dikuçarlarynyň biri bilen aragatnaşygy ýitirendigini habar berdi. Bu sebitde Kongonyň güýçleri "M23" toparynyň gozgalaňçylaryna garşy göreşýär.
DRK-nyň goşunynyň dikuçaryň 28-nji martda gaçyrlandygy aýdylýan habaryna görä, ol BMG-nyň missiýasyny ýerine ýetirýän iki dikuçarynyň biridir.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.