Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 30-njy martda, Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Hytaýyň Tunsi şäherinde geçirilýän üçünji duşuşygynyň çäginde, “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetiniň daşary syýasaty edarasynyň başlygy Amir Han Mottaki bilen duşuşdy diýip, Türkmen DIM-i habar berýär.
Gepleşikleriň barşynda ähli ugurdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy, TOPH, TOP ýaly energiýa, demirýol taslamalaryny durmuşa geçirmek barada pikir alşyldy.
Diplomatlar iki ýurduň howpsuzlyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek zerurlygyny nygtadylar diýip, habarda aýdylýar.
Şeýle-de R.Meredow şol gün Hytaýyň daşary işler ministri Wan I; eýranly kärdeşi Hosseýn Amir Abdullahýan bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri barada pikir alyşdy.