Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň adam hukuklary problemasy baradaky syn Stambulda köpçülige hödürlendi


Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Stambulda geçirilen seminaryň gatnaşyjylary. Stambul, 2022-nji ýylyň 1-nji apreli.
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Stambulda geçirilen seminaryň gatnaşyjylary. Stambul, 2022-nji ýylyň 1-nji apreli.

Stambulda adam hukuklaryny goraýjy türkmen we türk aktiwistleri Türkmenistana degişli adam hukuklary problemalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Adam hukuklaryny goraýjy "Türkmen Helsinki Fondunyň" (THF) goldawy bilen türkmen aktiwistleri tarapyndan taýýarlanan we Türkmenistanda adam hukuklarynyň 30 ýyldaky ýagdaýyna edilen syn 1-nji aprelde Stambulda geçirilen seminarda hödürlendi.

"Türkmenistan. 30 ýyllyk garaşsyzlyk" atly synyň tanyşdyrylyş dabarasyny "Halkara Adalat platformasyndan" Adem Çewik açdy.

THF-nyň habaryna görä, adam hukuklary boýunça türk aktiwisti Türkmenistanyň dünýäniň iň repressiw we izolirlenen ýurtlaryndan biridigini belläp, köp ýaşaýjynyň öňküsi ýaly garyplyk çäginden aşakda ýaşaýandygyny, möhüm kanuny, sosial we beýleki meseleleriň çözülmän galýandygy belläpdir. Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara jemgyýetçiliginiň, metbugatyň ünsüni çekmek we Türkmenistanda raýat jemgyýetine edilýän basyşy duruzmak üçin bilelikde işlemäge çagyryş edipdir.

"Türkmen Helsinki Fondy" köpçülige hödürlenen synyň ýaş türkmen aktiwistleriniň geçen ýyl döreden «Hak Hukuga Daýanç» (HHD) atly toparynyň taýýarlandygyny habar berýär.

Bu toparyň agzasy, türkmen aktiwisti Dürsoltan Taganowa seminarda çykyş edip, Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulmagyna degişli ýagdaýlar we türkmen raýatlarynyň Türkiýede ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada gürrüň berdi.

"Biz Türkmenistanyň raýatlarynyň adam hukuklarynyň bozulmagynyň 30 ýyl bäri dowam etmegi barada gürleşdik. Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýedäki meseleleri barada-da gürleşdik. Bu ýerde köp sanly türkmen raýaty kyn ýagdaýa düşýär, pasportlaryny alyp we täzeläp bilmeýändikleri sebäpli. Dokumentleri bolmazdan adamlar bu ýerde kadaly ýaşap, işläp we lukmançylyk kömegini alyp bilmeýär "-diýdi Taganowa Azatlyga aýtdy.

Taganowa, dokumentleriň bolmazlygynyň türkmen raýatlaryny zerur lukmançylyk kömegini almakdan mahrum edýändigini we munuň köplenç türkmen raýatlarynyň arasynda ýokary ölüme sebäp bolýandygyny belleýär. Onuň sözlerine görä, bu häzir Türkmenistanyň raýatlary üçin agyr mesele bolup durýar.

"Diňe şu hepde zerur lukmançylyk kömegini almaga mümkinçiligi bolmadyk üç adam bize ýüz tutdy. Esasy sebäbi olarada dokument ýok" diýip, Taganowa aýdýar.

Onuň sözlerine görä, türkmen raýatlary dokumentsiz köp sanly hukukdan mahrum bolýarlar, şol sanda pensiýa alyp bilmeýärler, iş ýerinde şikes alan halatynda goragsyz galýarlar.

Türkiýe onlarça ýyl bäri türkmen migrantlarynyň barýan esasy ýurdy bolýar, sebäbi türkmenlere wiza talap edilmeýär. Türkmenistanda uzaga çeken ykdysady kynçylyklar, ýokary işsizlik we durmuş derejesiniň peselmegi sebäpli ýüzlerçe müň türkmen raýaty soňky ýyllarda beýleki ýurtlara işlemäge gitdi. Türk häkimiýetleriniň resmi maglumatlaryna görä, Türkiýede birnäçe ýüz müň türkmen raýaty bar. Türkmenistan migrasiýanyň möçberi barada maglumat çap etmeýär. Garaşsyz çeşmelere görä, türkmenleriň hakyky sany birnäçe esse köp, köpüsi Türkmenistanyň daşyndan çalşyp bolmaýan resminamalar sebäpli bikanun bolup galýar.

Şeýle-de, Dürsoltan Taganowa, Türkmenistan bilen howa aragatnaşygynyň bolmazlygy meselesiniň türkmen raýatlary üçin köp kynçylyklary we päsgelçilikleri döredýändigini belleýär.

Öz çäginde koronawirusyň bardygyny ykrar etmedik Türkmenistan, pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadylan adaty uçar gatnawyny dowam etdirmedi. Şol sebäpli global ykdysady krizisiň netijeleri bilen ýüzbe-ýüz bolan ýurduň müňlerçe raýaty watanyna gaýdyp bilmän daşarda çykgynsyz ýagdaýda galdy.

Adam hukuklaryny goraýjylar, türkmen we türk raýat jemgyýetiniň wekilleriniň arasyndaky gepleşikleriň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynyň türkmen raýatlarynyň meselelerine ünsi artdyrmak üçin möhümdigini bellediler.

"Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistany adam hukuklaryna hormat goýmaga çagyrdylar. Köp adamlar ozal türkmen halkynyň problemalary barada bilmeýärdiler. Olara ýüz tutulandan soň türk guramalary möhüm kömek berip başlady. Mysal üçin, adam hukuklar boýunça türk aktiwistleri bu seminary guradylar, halkyň seslerimizi eşidip biler ýaly"- diýip, Dürsoltan Taganowa aýtdy.

Adam hukuklary boýunça "Türkmen Helsinki Fondy", 9 sany türk jemgyýetçilik guramasynyň wekilleriniň we metbugat işgärleriniň gatnaşan bu seminaryň, türkiýeli we türkmenistanly adam hukuklaryny goraýjylaryň hem aktiwistleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ädimlerinden biridigine ynanýar.

THF-nyň habaryna görä, prezentasiýanyň dowamynda beýleki türkmenler we türk aktiwistleri çykyş edipdir.

“Türkmenleriň ezilen ýagdaýyny görýäris. Muny äsgermezlik edip bolmaz, doganlarymyzyň, türkmenleriň hukuklaryny bozmagy bes etmeli" diýip THF aklawçy Ömer Yüzgüli sitirleýär.

THF-nyň habaryna görä, käbir gatnaşyjylar Türkmenistanda 12-nji martda geçirilen prezident saýlawlaryndan soň resmi Aşgabadyň hereketinde üýtgeşiklige umyt baglapdyrlar.

30 ýyl bäri Türkmenistanda başgaça pikirler berk basylýar, garaşsyz syýasy we jemgyýetçilik guramalary gadagan edilýär we metbugat azatlygy bozulýar. Türkmenistanyň raýatlary içerde we daşarda islendik tankyt ýa-da açyk nägilelik bildirmek üçin yzarlanýar.

Türkmenistanyň hökümeti milli kanunçylygy halkara adam hukuklary standartlaryna laýyklykda gowulandyrmak üçin çäreleri görýändigini aýdýar. Öz gezeginde adam hukuklaryny goraýjylar bu ugurdan türkmen häkimiýetleri tarapyndan takyk çäreleriň ýokdugyny belleýärler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG