Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hökümet başlygynyň howpsuzlyk, harby we hukuk meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipesi ýapyldy, IIM başlygy täzelendi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy aprelde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirip, güýç gurluşlarynyň ýolbaşçylarynyň käbirini täzeledi, käbirini başga işe geçirdi, beýlekilerini gaýtadan öňki wezipelerine belledi.

Ministrler kabinetiniň başlygynyň howpsuzlyk, harby we hukuk meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipesiniň ýapylmagy netijesinde, general-polkownik Çarymyrat Amanow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipe 2020-nji ýylyň ýanwarynda döredilipdi. Ç.Amanowyň, anyklaşdyrylmazdan, başga işe geçýändigi aýdylýar.

Prezident goranmak ministri Begenç Gündogdyýewi Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesine bellemek kararyna gelendigini aýtdy.

Lebap welaýatynyň Polisiýa bölüminiň müdiri, polisiýanyň podpolkownigi Muhammet Hydyrow Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesine bellenildi.

Öňki ministr Öwezdurdy Hojanyýazow, wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmändigi üçin, içeri işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy. Ol bu wezipä 2021-nji ýylyň iýulynda bellenipdi.

Täze prezident mundan öň Döwlet statistika komitetiniň, Merkezi bankyň we “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýolbaşçylaryny çalyşdy.

S.Berdimuhamedow 25-nji martda geçiren ilkinji mejlisinde premýer-ministriň orunbasarlarynyň öňki düzümini saklap, olaryň üstüne diňe bir emeldary - Muhammetguly Muhammedowy goşdy, ol ykdysady, bank we halkara maliýe gurluşlary boýunça wise-premýer bellenildi.

XS
SM
MD
LG