Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Serdar Berdimuhamedow köne hökümetden täze hökümet düzdi


Serdar Berdimuhamedow soňky 15 ýylda adat bolan teatrlaşdyrylan çärä gatnaşýar. 24-nji mart, 2022.

Türkmenistanyň prezidenti 25-nji martda hökümetiň mejlisini geçirip, Ministrler kabinetiniň başlygynyň öňki orunbasarlaryny gaýtadan öňki wezipelerine belledi. Serdar Berdimuhamedow "Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň düzümini tassyklamak hakyndaky» karara gol çekdi: olar hökümet başlygynyň dokuz orunbasaryndan, on ýedi ministrden we ýigrimi sany pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysyndan ybarat diýip, TDH habar berýär.

Prezident hökümet düzmek işine maliýe, ykdysadyýet we bank toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryny wezipä bellemekden başlajakdygyny aýdyp, ozal maliýe ministriniň orunbasary we maliýe ministri bolup işlän Muhammetguly Muhammedowy özüniň hökümetde soňky eýelän wezipesine belledi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň täze hökümetinde Muhammetguly Muhammedow – ykdysadyýet, bank we halkara maliýe guramalary; Sapardurdy Toýlyýew – ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we beýleki guramalar; Mährijemal Mämmedowa – medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri; Şahym Abdrahmanow – nebitgaz meseleleri; Esenmyrat Orazgeldiýew – oba hojalyk meseleleri; Çarymyrat Pürçekow – gurluşyk toplumy; Çary Gylyjow – söwda toplumy boýunça hökümet başlygynyň orunbasary wezipelerini ýerine ýetirer.

Şeýle-de, Mämmethan Çakyýew – Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory; Raşid Meredow – hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri; Çary Amanow – wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipelerine gaýtadan bellendi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisde öňki wise-premýerleriň öz eýelän jogapkärli wezipelerine gaýtadan bellenmegi olaryň öňki hökümetde toplan "oňyn iş tejribeleri” bilen düşündirildi, ýöne bu diýilýän oňyn tejribäniň nämedigi aýdyňlaşdyrylmady.

Türkmen aktiwistleri we synçylar Aşgabatdaky hökümetiň agzalaryny umuman netijesizlikde, ýurtdaky ykdysady kynçylyklara degerli çözgüt tapmaga ukypsyzlykda uzak wagt bäri tankyt edýärler.

Tasdan doly köne hökümetden düzülen täze hökümetiň düzümine täze emeldar hem girizildi; ol hökümet başlygynyň maliýe we ykdysadyýet toplumyna gözegçilik etjek orunbasary, 12-nji martda prezident saýlanan S.Berdimuhamedowyň öňki wezipesine bellenen Muhammetguly Muhammedow bolup, resmi maglumata görä, 2013-2014-nji ýyllarda Türkmenistanyň maliýe ministriniň orunbasary, 2014 - 2017-nji ýyllarda maliýe ministri wezipelerinde işläpdir.

Döwlet baştutany "maliýe we ykdysadyýet bilen bagly dürli wezipelerde baý iş tejribesiniň bardygyny belläp, onuň bu wezipäni oňarjakdygyna" ynam bildirdi, emma ýurduň durmuşynda "örän möhüm ähmiýete eýe" bolan pudaklaryň "öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň" nämä baglydygyny aýdyňlaşdyrmady.

Gaýtadan wezipä bellenen öňki hökümet agzalary 19-njy martda, täze prezidentiň gol çeken kararyna laýyklykda, öz ygtyýarlyklaryny tabşyrdylar we hökümetiň täze düzümi düzülýänçä öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmäge borçly edildi.

Berdimuhamedow 15 ýylda näme iş bitirdi we ýurdy haýsy halda tabşyrýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:50 0:00

Hökümet mejlisine öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy we, Milli geňeşiň Halk maslahatynyň adyndan täze wezipä bellenen emeldarlary, şol sanda öz ogluny Ministrler kabinetiniň başlygy wezipesine bellenmegi bilen gutlap, olara işlerinde üstünlik arzuw etdi, "Müň işçiden bir başçy”, "Baş bolmasa, göwre läş”, "Baş bolmadyk halkda rysgal we bereket bolmaz” diýen ýaly pähimleri mysal getirip, ýolbaşçylaryň öňünde durýan uly jogapkärçiligi ýatlatdy, döwür bilen aýakdaş gitmek, täze iş orunlaryny döretmek meselelerine ünsi çekdi.

Mundan başga, G.Berdimuhamedow mejlisde öz ogluna "Arkadagly Serdarym“ diýip ýüzlendi we ondan şahsy haýyş etmek üçin rugsat sorady, bu rugsat berlenden soň özüniň 40 ýyllap ýolbaşçy wezipelerde işläp, 25 ýyl syýasat bilen meşgullanyp, doly derejede dynç alyp bilmändigini aýtdy hem-de 1-nji aprelden zähmet rugsadyna goýberilmegini sorady.

S.Berdimuhamedow kakasyna "Hormatly Arkadagymyz, bu mesele boýunça maňa arza ýazsaňyz, siziň haýyşyňyzy kanagatlandyrarys“ diýip, gysgaça jogap berdi. Resmi habarda G.Berdimuhamedowyň haçana çenli zähmet rugsadynda boljakdygy aýylmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG