Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosgunlykdaky täjik blogçysynyň ejesi ekstremizmde aýyplanyp, türmä basyldy


Şohida Mamadjonowa
Şohida Mamadjonowa

Bosgunlykda ýaşaýan täjik blogçysy Şerzod Mamadjonowyň ejesi ekstremizm aýyplamasy bilen alty ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Tanymal hökümet tankytçysy muny öz maşgalasyna syýasy sebäpden edilenhüjüm hökmünde häsiýetlendirdi.

Şohida Mamadjonowa 7-nji aprelde geçen seljermede gadagan edilen syýasy partiýalara, 24 toparyna we Täjigistanyň Yslamçy Galkynyş hereketine onlaýn goldawyny bermekde günäli tapyldy. Duşenbe şäherindäki kazyýet onuň Merkezi Aziýa ýurdundaky konstitusiýa düzgünini bozmagy maksat edinendigini aýtdy.

Mamadjonowa günäsini boýun almady, ýöne öz oglunyň täjik hökümetini tankytlaýan wideolarynyň aşagynda galdyran teswirleri üçin “gynanýandygyny” aýtdy.

Onuň aklawçylary kazyýetiň kararyndan şikaýat etjekdiklerini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG