"Türkmenistan” awiakompaniýasy türkmen raýatlaryny Belarusdan öz watanyna alyp gaýtmak üçin 8-nji aprelde ýörite uçar gatnawyny gurnaýar diýip, hökümetçi neşirler "Minsk” howa menziliniň resmi saýtyna salgylanyp habar berýär
Belarusyň milli howa menziliniň maglumatyna görä, T5784 belgili uçar gatnawy Minskden Türkmenbaşy şäherine, Boeing 737-800 uçary bilen amala aşyrylar.
Uçuş ýerli wagt bilen sagat 18:30-a meýilleşdirilýär.
Bu uçuş Türkmenistanyň hökümetiniň tabşyrygy esasynda amala aşyrylýar.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.