Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan Russiýa, Gyrgyzystan, Özbegistan bilen serhet çäklendirmelerini ýatyrdy


Serhet geçelgesi

Gazagystan Russiýa, Gyrgyzystan we Özbegistan bilen aradaky serhet çäklendirmeleri ýatyryp, COVID-19 pandemiýasy zerarly 2020-nji ýylyň martyndan bäri möhüm däl syýahatçylara girizilen görlüp-eşidilmedik çäklendirmeleri bes etdi.

Bu çäklendirmeler Gazagystanyň we daşary ýurtlaryň raýatlary, şeýle-de Gazagystanyň şu üç ýurt bilen aradaky döwlet serhedinden geçmekçi bolýan raýatlygy bolmadyk adamlar üçin 11-nji aprelde ýatyryldy diýip, häkimiýetler aýtdy.

Bu karar 6-njy aprelde, Gazagystanyň koronawirusyň öňüni almak boýunça döwlet gullugy tarapyndan kabul edildi.

Russiýa Gazagystan bilen aradaky gury ýer serhet geçelgelerinde keselçilik bilen bagly girizen çäklendirmelerini 30-njy martda ýatyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG