Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Borrell ÝB ministrleriniň duşuşygynda has kän sanksiýanyň maslahatlaşyljagyny aýdýar


 Josep Borrell
Josep Borrell

ÝB-niň daşary işler ministrleri şu gün Bruýsselde Ukrainany goldamak üçin goşmaça çäreleri, şol sanda Russiýa garşy girizilmeli täze sanksiýalar toplumyny maslahatlaşýarlar.

Irlandiýanyň, Litwanyň we Gollandiýanyň daşary işler ministrleri Ýewropa Komissiýasynyň Russiýa nebit embargosyny girizmek mümkinçiligine seredýändigini aýtdylar. Şol bir wagtda, bu mesele boýunça gutarnykly kararyň ýokdugy aýdylýar.

Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli diplomaty Josep Borrell žurnalistlere Moskwa garşy girizilmeli goşmaça "sanksiýalar meselesi hemişe gün tertibinde" diýdi.

Şeýle-de, ol ministrleriň Russiýanyň Ukrainada edendigi aýdylýan uruş jenaýatlarynyň töweregindäki ýagdaýy halkara jenaýat kazyýetiniň prokurory Karim Kan bilen maslahatlaşyp, Moskwa garşy has kän çäre görüp biljekdigini aýtdy.

27 agzaly bileleşigiň käbir ýurtlary Russiýanyň nebitine doly embargo girizilmegine çagyrdy, emma käbir ýurtlar bu hili çäräniň öz ykdysadyýetlerine ýetirjek täsiri sebäpli ikirjiňlenýär.

XS
SM
MD
LG