Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Germaniýada Russiýa tarapdarlarynyň ýörişleri geçirildi


Berlin. Arhiw suraty

10-njy aprelde, bazar güni Germaniýanyň birnäçe şäherinde Russiýa tarapdar adamlaryň protest ýörişleri geçirildi.

Guramaçylar, özleriniň tassyklamagyna görä, Ukrainada başlanan uruşdan soň jemgyýetde ruslara garşy ýüze çykan meýillere protest bildirilýändigini aýtdylar.

Germaniýanyň demirgazygyndaky Gannowerde 350 awtoulagyň gatnaşmagynda, rus baýdaklaryny galgadyp, ýüzlerçe adam ýörişe gatnaşdy.

Şol bir wagtda, bu şäherde 3500 töweregi adam Ukrainany goldamak üçin gurnalan ýörişe çykdy.

Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde "Rus dilinde gürleýän raýatlaryň ýanalmagyna we kemsidilmegine garşy / Urşa garşy - parahatçylyk üçin" diýen şygarlary göteren adamlaryň demonstrasiýasy geçirildi. Oňa gatnaşyjylar - takmynan 800 adam rus we nemes baýdaklaryny göterdiler.

Olaryň käbiri "Russiýa, Russiýa" diýip gygyrdy we, polisiýanyň maglumatyna görä, agressiw urşy goldaýandygy üçin kazyýet jogapkärçiligine çekilmegine sebäp bolup biljek söweşjeň şygarlary dile getirdi diýip, Deutsche Welle habar berýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG