Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň parlamenti oppozisiýa deputaty Şahbaz Şerifi täze premýer-ministr saýlaýar


Şahbaz Şarifi
Şahbaz Şarifi

Iş başyndaky premýer-ministr Imran Han ynamsyzlyk ses berişliginde utulandan bir gün soň, Pakistanyň parlamenti oppozisiýa kanun çykaryjysy Şahbaz Şarifi ýurduň täze premýer-ministri wezipesine saýlady.

70 ýaşly Şarif Pakistan Musulman Ligasy-Nawazyň (PML-N) prezidenti we öň üç gezek premýer-ministr bolan hem-de korrupsiýada günäkär tapylan Nawaz Şarifiň inisi bolup durýar.

Işden çetleşdirilen premýer-ministriň partiýasynyň kanun çykaryjylary ses berişligiň öňüsyrasynda bilelikde, köpçülikleýin parlamentden çekildi.

Pakistan Tehreek-e-Insaf (PTI) partiýasy bolsa, öňki daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşiniň kandidatlygyny yzyna çekip, özüniň premýer-ministrlige hödürlän dalaşgärini saklady.

Üç ýyldan gowrak wagt häkimiýet başynda bolan Han 10-njy aprelde, ir sagatlara çenli dowam eden ses berişlikde, syýasy krizisden soň birleşen oppozisiýanyň garşy durmagynda wezipesinden çetleşdirildi.

XS
SM
MD
LG