Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek uçary ýalan çykan bomba babary sebäpli Moskwada gondy


Özbek uçary
Özbek uçary

“Özbegistan Howaýollarynyň” Minsk-Daşkent aralygyndaky HY-710 reýsini amala aşyrýan Airbus A320 uçary näbelli bir adamyň "bomba goýlandygy" barada beren habaryndan soň Russiýanyň “Domodedowo” howa menziline gondy.

Awiakompaniýanyň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, uçar 11-nji aprelde, bellenen wagtynda, Daşkent wagty bilen 15.39-da Minsk milli howa menzilinden amana göterildi.

“A320 belgili uçar Russiýanyň howa giňişliginde uçup barýarka anonim elektron aragatnaşyk salgysyndan “Özbegistan Howaýollary” paýdarlar jemgyýetiniň işgärleriniň elektron aragatnaşyk salgylaryna, şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň we Belarus Respublikasynyň awiasiýa hyzmatlaryna uçarda bomba goýlandygyny duýdurýan hat gelip gowuşdy” diýip, metbugat gullugynyň maglumatynda aýdylýar.

A320 uçarynyň komandiri uçary barlamak we gözden geçirmek üçin “Domodedowo” howa menziline gonmak kararyna geldi.

“Uçar, ýolagçylar, goş-golamlar, ýükler we poçta bellenen tertipde barlanyldy. Uçarda mina goýlandygy baradaky maglumatlar tassyklanmady” diýip, “Özbegistan Howaýollary” aýtdy.

XS
SM
MD
LG