Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň 21 sany awiakompaniýasyny uçuş üçin howplularyň sanawyna goşdy we olaryň uçarlarynyň agza ýurtlaryň we howa menzilleriniň üstünden uçmagyny gadagan etdi.
Bu karar uçarlaryň eýeleriniň we olary öndürijileriň howa gämisiniň tehniki ýagdaýy boýunça jogapkärçilik çekmeýändigi bilen düşündirildi.
ÝB sanawynda Russiýanyň “Aeroflot”, “Pobeda”, S7, “Rossiýa”, “Ýuteýr” we “Ural howaýollary” ýaly esasy awiakompaniýalary hem bar.
Rus uçarlaryndan başga, ÝB-niň gadagan eden howa gämileriniň sanawynda Yrak, Eýran, Demirgazyk Koreýa, Owganystan, Gyrgyzystan, Sudan ýaly ýene birnäçe döwletiň awiakompaniýalary bar.
Ýewropa Komissiýasynyň habarynda aýdylmagyna görä, Moskwa rus awiakompaniýalarynyň zerur halkara şahadatnamasy bolmadyk howa gämilerini hem ulanmaga rugsat berdi. ÝB-niň transport meseleleri boýunça komissary Adina Walýan munuň ýolagçylar üçin howply bolup biljekdigini aýtdy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.