Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Mariupolda Ukrainanyň 1000-den gowrak esgeriniň ýesir düşendigini aýdýar


Mariupol görnüşi

Ukrainanyň Mariupoldaky deňizçi egserleriniň müňden gowragynyň tabyn bolandygy baradaky maglumat tassyk bolsa, bu Russiýa 24-nji fewralda goňşy ýurda sebäpsiz çozaly bäri port şäherini gorap saklamak üçin alnyp barlan gaýduwsyz söweşlere urlan uly zarba bolar.

"Mariupol şäherinde ... Ukrainanyň 36-njy deňiz brigadasynyň 1026 esgeri meýletin ýaraglaryny taşlady we ýesir düşdi" diýip, Russiýanyň Goranmak ministrliginiň 13-nji aprelde çap eden beýanatynda aýdylýar.

Rus habar serişdeleri ýesir düşen ukrain esgerlerini görkezýän wideolary çap etdi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň edarasy-da, ýurduň Goranmak ministrligi-de bu habar bilen bagly soraglara jogap bermek üçin elýeterli bolmady. “Roýters” ministrligiň sözçüsiniň özünde bu habaryň dogurdygy ýa däldigi hakynda maglumatyň ýokdugyny aýdandygyny habar berdi.

Ukrainanyň içeri işler ministriniň kömekçisi Wadym Denisenko Russiýanyň aýdanlaryny ret etdi we bu maglumatyň häzirlikçe ukrain goşuny tarapyndan tassyklanmandygyny aýtdy.

Zelenskiniň kömekçisi Olekseý Arestowiç Facebookda gapma-garşylykly beýanat çap edip, 36-njy deňiz brigadasynyň söweş liniýalaryny böwsüp, Azow batalýonynyň şäheri goramak üçin söweşýän beýleki bölümlerine goşulandygyny öňe sürdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG