Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain aýallaryny zorlamak hakda gürrüň eden rus esgeri we onuň aýaly anyklandy


AÝ/AR-yň derňewi telefonda ukrain aýallaryny zorlamak barada gürrüň eden rus esgerini we onuň aýalyny Roman Bykowskiý we onuň aýaly Olga hökmünde anyklady.

Telefonda ukrainaly aýallary zorlamak hakda gürrüň eden russiýaly esgeriň hem-de onuň aýalynyň şabsyýetleri Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (AÝ/AR) Rus gullugynyň we "Shemalar" gepleşiginiň derňewleri bilen äşgär edildi.

Derňewler ukrainaly aýallaryň russiýaly esgerler tarapyndan köpçülikleýin zorlanmagy baradaky gorkulary artdyran şok ediji telefon jaňyny geçiren är-aýalyň 27 ýaşly Roman Bykowskiý bilen gyzlyk familiýasy Pinýasowaýa bolan Olga Bykowskaýadygyny anyklady.

Telefon jaňynyň dowamynda bir aýal erkek adama ukrainaly aýallary zorlamaga rugsat berýär.

“Hawa, men muňa rugsat berýärin. Ýöne gorag geýin” diýip, aýal wakyrdaýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy we “UA: Perşy teleýaýlymy” bilen Azatlyk Radiosynyň bilelikdäki derňew taslamasy bolan “Shemalar” programmasy bu telefon jaňyna gatnaşyjylaryň telefon belgilerini Ukrainanyň howpsuzlyk gullugyndan kabul edip aldy we bu belgilerden ugur alyp, Bykowskiýniň hem-de onuň aýalynyň sosial media hasaplaryny tapdy.

AÝ/AR tarapyndan habarlaşylanda Bykowskiý öz şahsyýetini tassyklady we özüniň Sewastopoldadygyny aýtdy. Olga Bykowskaýa öz adamsynyň ýaralanandygyny we hassahanada bejergi alýandygyny aýdyp, onuň Sewastopoldadygyny tassyklady. Olaryň hiç haýsy başga soraga jogap bermedi. Hiç kim Bykowksiýni zorlamada aýyplamaýar, är-aýala garşy günä bildirilmeýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG