Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy 21 gün karantine "alyndy"


Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy. (2016-njy ýylda düşürilen surat)
Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy. (2016-njy ýylda düşürilen surat)

Daşary döwletlerden ýurda dolanan Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy 21 gün karantine alyndy. Bu aralykda, sebitde COVID-19 aladalary sebäpli girizilen çäklendirmeleriň çäginde ýapylan käbir bazarlar gaýtadan açyldy.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysynyň maglumatyna görä, Gyrgyzystanda geçirilen Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama tapgyryna gatnaşan Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň agzalary 15-nji aprelde sebite geldi.

"Lebap welaýatynda Türkmenistandaky iň uly karantin zonalary ýerleşýär. Bu ýerde daşary ýurtlardan gelýän ähli raýatlar we sportsmenler 21 günlük karantinde bolmaly edilýär. Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň 30 töweregi agzasy 15-nji aprelde Farap gümrük nokadyndan geçdi we 21 günlük karantine ýerleşdirildi" diýip, çeşmämiz 17-nji aprelde gürrüň berdi.

Bu barada Lebap welaýatynyň häkimiýetleri we Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bolmady.

Ýatlatsak, Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama tapgyryna gatnaşmak üçin Aşgabatdan Türkmenabada, bu ýerden Farap gümrük nokady arkaly Özbegistana, soňra ýaryşyň geçiriljek ýerine Gyrgyzystana ugrandygy barada hökümetçi "Türkmenportal" neşiri şu aýyň başynda habar beripdi. Şonda olaryň futbol duşuşyklarynyň 10-12-nji aprel aralygynda boljakdygy hem aýdylypdy.

Resmi habara görä, Türkmenistanyň futzal ýygyndysy şol saýlama tapgyrynyň netijesinde Aziýanyň Kubogy – 2022-niň final böleginde çykyş etmäge mümkinçilik aldy.

"Häzir ýewropa we aziýa ýurtlaryndan Türkmenabadyň aeroportuna gelýän uly kargo, ýük uçarlarynyň ekipaž agzalary hem, bu ýerde COVID-19 testini tabşyrýarlar. Olaryň testi negatiw netije görkezensoň, olar Aşgabada ugraýarlar" diýip, çeşmämiz belledi.

Habarçymyz welaýatda käbir bazarlaryň gaýtadan açylandygyny, ýöne beýleki çäklendirmeleriň dowam edýändigini, otly gatnawlarynyň dikeldilmändigini hem aýtdy.

"17-nji aprelde alty aý bäri ýapyk duran "Ak bazar" gaýtadan açyldy. Bu bazar Türkmenabat şäheriniň merkezinden 15 kilometr uzaklykda, Türkmenabat-Mary ýolunyň ugrunda ýerleşýär. Şol güni mal we awtoulag satylýan bazarlar hem açyldy" diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol 1-nji maýdan başlap çäkli möçberde otly gatnawlarynyň ýola goýuljakdygy barada maglumatlaryň bardygyny hem aýtdy. Ýöne ol bularda harby gulluk borçlaryny tamamlan esgerleriň we harbylaryň öýlerine we harby bölümlerine äkidiljekdigi belledi.

Öz çäginde COVID-19-yň bardygyny ykrar etmedik Türkmenistan, ilatyň ýurduň içinde hereket etmek mümkinçiligini ep-esli çäklendirdi. Awtobus we otly gatnawlary doly diýen ýaly ýatyrylyp, uçar gatnawlarynyň sany çäklendirildi. Şeýle-de, Türkmenistan pandemiýadan soň adaty halkara uçar gatnawlaryny häzire çenli dikeltmedik sebitdäki ýeke-täk ýurt we dünýädäki sanlyja döwletiň biri bolmagynda galýar.

Bu berk çäklendirmelere garamazdan, häkimiýetler ýurduň çäginde COVID-19-yň hasaba alynmandygyny tekrarlaýar. BSG türkmen häkimiýetleriniň ýurtda koronawirusyň ýoklugy barada aýdanlaryny ençeme gezek sorag astyna aldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG