Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda dümew pisint kesel köpelýär, derman gymmatlaýar


Illýustrasiýa suraty.

Soňky wagtlarda Mary welaýatynda dümew pisint kesel bilen näsaglap, hassahana barýan adamlaryň sany görnetin köpelýär. Şol bir wagtda, dermanlaryň gytçylygy we gymmatçylygy ýitelýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji martda sebitden habar berdi.

Ýerli lukmanlaryň sözlerine görä, näsaglar ýokary temperatura, ysgynsyzlyk, işdäsizlik, kelle agyry, üsgülewük, bokurdagyň galmagy, ys almazlyk, tagam bilmezlik ýaly birmeňzeş kesel alamatlary bilen hassahanalara ýüz tutýarlar.

Mary we Baýramaly etrap hassahanalarynyň lukmanlary hassalaryň köpdügi sebäpli, ýer bolmansoň, täze näsaglary kabul edip bilmeýändiklerini aýdýarlar. Etrap hassahanalary täze hassalalary welaýat keselhanasyna ugradýar. Marynyň sebit keselhanasynyň lukmanlary bolsa näsaglara görkezme bilen öýlerinde bejergi almagy maslahat berýär.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy uly ýaşly adamlar bilen bir hatarda kiçi ýaşly çagalaryň hem dümew pisint kesel bilen näsaglaýandygyny habar berýär.

“Çagalar baglaryna gatnaýan çagalaryň ýarysyndan gowragy çagalar bagyna gelmeýär” diýip, bir maryly terbiýeçi Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Mary welaýatynyň çäginde möwjeýän dümew pisint kesel dünýäde koronawirus pandemiýasynyň heniz hem dowam edýän wagtyna gabat gelýär.

Türkmenistan dünýäde pandemiýa başlanaly bäri öz çäginde COVID-19 hadysasyny resmi taýdan hasaba almadyk az sanly ýurtlaryň biri boldy.

Azatlygyň habarçysy Maryda lukmanlaryň arasynda hem dümew ýokuşmalarynyň köpelýändigini habar berýär.

Galyberse-de, beýleki edara-kärhanalarda hem dümew sebäpli saglyk ýagdaýy boýunça wagtlaýyn iş rugsadyna çykýan adamlaryň sany köpelýär.

Bu aralykda, habarçymyz soňky wagtlarda dermanhanalaryň öňünde uly nobatlaryň emele gelýändigini, zerur dermanlaryň bahasynyň bolsa ýokarlanýandygyny habar berýär. Derman satyn almaga mümkinçiligi bolmadyk raýatlar bolsa, öý şertlerinde keselden açylmaga çalyşýar.

“Dermanhanalaryň içinde we daşynda adam köp köp. Irdenden agşama çenli nobatlar egsilmeýär. Şol bir wagtda, köp adam dermanhanalardan derman satyn almaga pullary bolmansoň, öýlerinde gyzgyn çaý, ýa-da unaş içip, üzärlik tüsseledip, keselden açylmaga çalyşýar” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Dermanlaryň täze bahalary öňküsinden 2-3 manat gymmatlapdyr.

“Öňki 10 manatlyk dermanlar 13 manat boldy. Analgin dimedrolyň bir ampulasynyň bahasy iki hepde mundan ozal 2 manat 50 teňňedi, şu gün 4 manat satylýar. Beýleki zerur dermanlaryň hem bahasy şular ýaly ýokarlanypdyr. Adamlaryň öz ýanlary bilen dermanhana alyp barýan pullary lukmanyň maslahat beren dermanlarynyň ýarysyny satyn almak üçin hem ýetmeýär” diýip, maryly ýaşaýjylar aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir ýerli lukmanyň sözlerine görä, hassahanalara iberilýän dermanlaryň üpjünçiligi kesilipdir.

“Öňki dermanlaryň üpjünçiligi kesildi. Edil şu günki gün agyr ýagdaýda hassahana ýerleşýän hassalaryň agyrylaryny aýyrmak üçin zerur bolan dermanlar indi getirilenok. Dermanyň haçan getiriljegi hem belli däl. Hassahana düşýän agyr hassalaryň hossarlary derman getirip bermeseler, bizde agyryny aýyrar ýaly hiç hili derman ýok” diýip, bir hassahana lukmany Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Bu aralykda, Maryda dümew pisint kesel ýurduň käbir sebitlerinde, şol sanda Lebap welaýatynda pandemiýa çäklendirmeleriniň gowşadylýan wagtyna gabat gelýär.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysy 28-nji martda Türkmenabatda kafeleriň garbanyşhanalaryň gaýtadan açylandygyny, ýöne sebitara herekete girizilen çäklendirmeleriň saklanyp galýandygyny habar berdi.

Marydaky habarçymyz hem sebitde käbir restoranlaryň gaýtadan öz işine başlandygyny habar berdi.

Lebapdaky habarçymyz sebitde ýokuşma hadysalary bilen bagly ýagdaýlaryň kadaly saklanýandygyny habar berýär.

Onuň sözlerine görä, koronawirus barlagy oňyn netije görkezýän raýatlaryň pozitiw test netijeleri näsag raýatlaryň dykgatyna ýetirilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG