Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owgan paýtagtyndaky mekdepde bolan partlamalarda azyndan alty adam öldi


Arhiw suraty

19-njy aprelde Kabulyň şaýy, Hazara etrabynda bir oglanlar mekdebini sarsdyran üç partlamada azyndan alty adam ölüp, 11 adam ýaralandy diýip, owgan paýtagtynyň polisiýasy aýtdy.

Partlamalar paýtagtyň günbatar etrapçasynda, Daşt-e-Barçiniň golaýynda ýerleşýän Abdul Rahim Şahid mekdebinde boldy diýip, Kabul polisiýasynyň metbugat wekili Halid Zadran Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Pidalaryň arasynda çagalar hem bar, ýöne olaryň sanynyň näçedigi bada-bat belli bolmady. Howpsuzlyk gullugynyň işgäri nemes habar gullugy bilen söhbetdeşlikde bu partlamalara el granatlarynyň sebäp bolandygyny aýtdy.

Partlamalaryň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady. Daşt-e-Barçiniň Hazara etraby mundan öň söweşiji “Yslam döwleti” topary tarapyndan nyşana alnypdy.

“Talybanyň” Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili derňewçiler toparynyň wakanyň bolan ýerinde işe başlandygyny aýtdy.

Şaýat bolan adamyň sözlerine görä, partlamalar okuwçylaryň ertirki sapaklaryndan çykyp barýan wagtynda boldy.

Geçen ýylyň maýynda owgan paýtagtynyň şu sebitindäki mekdebiň golaýynda bolan partlamalarda azyndan 85 adam öldi, onlarça adam bolsa ýaralandy. Olaryň köpüsi okuwçy gyzlardy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG