Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

London kazyýeti Julian Assanjyň ABŞ-a ekstradisiýa edilmegine rugsat berdi


Wikileaksiň esaslandyryjysy Julian Assanj
Wikileaksiň esaslandyryjysy Julian Assanj

Londondaky kazyýet Wikileaksiň esaslandyryjysy Julian Assanjyň ABŞ-a, 175 ýyla çenli tussag edilmek howpy abanýan ýurda ekstradisiýa edilmegine rugsat berdi.

Ekstradisiýa etmek baradaky karary Angliýanyň daşary işler ministri Priti Patel kabul etmeli. Şondan soň Assanjyň aklawçylary höküme garşy şikaýat edip biler.

ABŞ Wikileaksi esaslandyryjynyň garşysyna jemi 17 sany aýyp, şol sanda Yrakdaky we Owganystandaky harby operasiýalar barada gizlin maglumatlary aýan etmek aýyplamasyny bildirýär.

Maglumatlaryň syzdyrylmagyny gurnan esasy adam şol wagt harby gullukda bolan Bredli (Çelsi) Manningdi we Wikileaks olary diňe çap etdi.

Aýyplama laýyklykda, Assanj "Manning ýaly çeşmelerini gizlin maglumatlary almaga, ogurlamaga we neşir etmek üçin Wikileakse tabşyrmaga höweslendiripdir".

XS
SM
MD
LG