Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski Mariupolyň 'garşylygy dowam etdirýändigini' aýdýar


Prezident Wolodymyr Zelenski

Prezident Wolodymyr Zelenski 22-nji aprelde, Russiýanyň tas iki aýlap topa tutulan port şäheriniň “azat edendigini” aýtmagyna garamazdan, gabawdaky Mariupol şäherindäki ukrain garşylygynyň dowam edýändigini aýtdy.

Azow deňziniň boýundaky strategiki porta urlan zarbalar müölerçe adamyň öňümine, ullakan weýrançylyga sebäp boldy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 21-nji aprelde rus güýçleriniň Mariupoly "azat edendigini" aýtdy, müňlerçe ukrain esgeriniň we asuda adamlaryň gabalan ýerine, “Azowstal” polat zawodyna bolsa, “ol ýerde rus esgeleriniň janyny töwekgellige salmazlyk üçin”, hüjüm etmezligi buýurdy.

Şol bir wagtda Putin “Azowstalyň” daşynyň berk baglanmagyny, ol ýerden “hatda bir siňegiň hem çykyp bilmeli däldigini” aýtdy. Emma Zelenski Mariupoldaky söweşiň dowam edýändigini aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden hem, ABŞ-nyň Ukraina berýän täze 1,3 milliard dollar kömegini yglan edip, Russiýanyň Mariupolda gazandym diýýän ýeňşiniň “gümanlydygyny” aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG