Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus hünärmeni Türkmenistanda “LADA” zawodyny açmagy teklip edýär


Awtoulag hünärmeni Wýaçeslaw Subbotin GDA ýurtlarynda “AwtoWAZ” kompaniýasynyň zawodlaryny gurup, Russiýada öndürilýän “LADA” ulaglaryny öndürmegi hem-de satmagy ýola goýup boljakdygyny aýdýar.

Hökümetçi “Türkmenportal” neşiriniň “SNG:Today” neşirine salgylanyp ýazmagyna görä, W.Subbotin “LADA” awtoulaglaryny öndürýän zawodlaryň hususan-da Türkmenistanda, Gyrgyzystanda we Belarusda “örän ähmiýetli we bähbitli boljakdygyny” çaklaýar.

Rus metbugaty “LADA” ulaglarynyň Belarusda gowy geçýändigini, “AwtoWAZ” kompanaiýasynyň geçen ýyl 35 800 awtoulag eksport edendigini habar berýär.

Mundan öň “LADA” ulaglarynyň Özbegistandaky önümçiliginiň giňeldiljekdigi habar berildi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda Russiýada öndürilýän awtoulaglaryň ornuny esasan başga ýurtlarda öndürilen awtoulaglar eýeledi, emma Russiýanyň “Kamaz” kompaniýasynyň ulaglary, türkmen we tatar liderleriniň aýratyn dostluk gatnaşyklary esasynda, Türkmenistandaky monopoliýasyny saklamagy başardy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG