Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda MHK-nyň öňki başlygynyň ýegeni gözlenýär


Nurlan Masimow

Milli howpsuzlyk komitetiniň öňki başlygy, Gazagystanda ýanwar aýynda bolan ganly protestlerden soň tussag edilen Karim Masimowyň ýegeni Merkezi Aziýa ýurdunda gözlenýän adamlaryň sanawyna goşuldy.

Korrupsiýa garşy göreş gullugy 22-nji aprelde ýanwar aýynda geçirilen protestlerden öň demirgazyk Pawlodar sebitiniň polisiýa başlygy wezipesinde işlän, 48 ýaşly Nurlan Masimowyň para almakda güman edilip, gözlenilýän adam bolandygyny aýtdy.

Nurlan Masimowyň daýysy, öňki prezident Nursoltan Nazarbaýewiň ýakyn ýarany hökmünde tanalýan Karim Masimow, dönüklikde aýyplanyp, ýanwar aýyndaky bidüzgünçiliklerden soň tussag edildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG