Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taryha şaýatlyk edýän ömür


Görnükli türkmen ýazyjysy Rahym Esenow Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Pragadaky baş binasynda. 13-nji iýun, 2006 ý.
Görnükli türkmen ýazyjysy Rahym Esenow Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Pragadaky baş binasynda. 13-nji iýun, 2006 ý.

Türkmen edebiýatynyň aksakaly, onuň ägirt uly sütünlerinden biri Rahym aga Esenow aradan çykdy. Şonuň bilen birlikde dörediji intelligensiýanyň ýaşulusy, bela-beterleri, howp-hatarlary gaýtaryp duran goja kişi biziň aramyzdan gitdi. Bu örän hopukdyryjy hem gynançly ýagdaý. Onuň türkmen medeniýetinde hem edebiýatynda hyzmaty ägirt uly boldy.

Men entek mekdep okuwçysy döwrümde, 60-njy ýyllaryň başlarynda R. Esenowyň W. Şalaşow bilen bilelikde ýazan “Soltan Sanjar” powestiniň başky bölegini okapdym hem ol eseriň dowamyna sabyrsyz garaşypdym, ýöne onuň yzy gelmedi. Şol eserden bir jümle berk ýadymda galypdyr. “Öwgi gaty gadymky ýarag, ýöne häzirem gowy işleýär” şekilli sözlem bolmaly. Aradan köp ýyllar geçensoň, ol eser “Turanyň nalasy” ady bilen dolulygyna çap boldy.

Şol ýyllarda çeper esere derek, R. Esenowyň örän möhüm publisistik makalalary peýda bolup başlady. N.S. Hruşewiň getiren maýylganlygy döwründe, ýerlerde kök uran stalinçileri, ýerli hanlara öwrülen hojalyk ýolbaşçylaryny paş edýärdi. Şol döwürlerde, ýagny 60-njy ýyllarda ol “Prawda” gazetiniň Türkmenistan boýunça habarçysydy. Oňa abraý getiren hem ony ýurda tanadan “Baýyr Öwezowyň synmagy” makalasy bolsa gerek, ony Türkmenistanda okamadyk az-azdyr. Diňe tankyt däl, biz ýokary üstünlikler barada hem R. Esenowyň oçerklerinden bilýärdik. Ilkinji gezek ýüregi operasiýa eden belli hirurg Nurmyrat Täçmyradow barada, onuň ýazan çeper oçerkini okapdyk. Ondan öň hem soň ol merkezi gazete ýerli habarçy hökmünde, Türkmenistana degişli ençeme möhüm meseleleri gozgap bildi. Soňra Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň başlygy bolmak bilen ol ýazyjylaryň arasyna geldi hem döredijilik işgärleri bilen gönüden-göni aragatnaşykda boldy.

Rahym Esenow. 13-nji iýun, 2006. Praga.
Rahym Esenow. 13-nji iýun, 2006. Praga.

Onuň SSSR Ýazyjylarynyň nobatdaky gurultaýynda eden çykyşy bilen tanşan edebiýatçy alym hem tankytçy Hanguly Taňryberdiýew: “Ahyr-soňy bizde hem rus dilinde medeniýetli gürläp bilýän, öz sözüni takyk düşündirýän ýolbaşçy peýda boldy” diýipdi.

Rahym Esenowyň döredijilik ýoly beýlekilere garanda, birneme çylşyrymly; ol prozaçy, publisist, syýasy žurnalist hem taryhçy alym. Soňky döwürde ol bu köpugurly işiniň üstüne memuarçy – ýatlama-hatyra ýazýan ýazyja-da öwrüldi. Türkmen edebiýatyny azda-kände yzarlaýanlar onuň bu köpugurly hyzmatyndan habarlydyr. Ol ýazyjylar birleşigine ýolbaşçy bolup gelmek bilen örän aktiw çykyş edip başlady. Eger onuň öňki ýazanlary köplenç rus dilinde çykýan bolsa, soňra türkmen diline hem terjime edildi. Meselem, iň ýokary derejedäki Sowet delegasiýasynyň hatarynda, “Prawda” gazetiniň habarçysy hökmünde, Owganystana eden resmi sapary bilen baglanyşykly döreden “Owganystan sahypalary” atly oçerkler toplumy 1968-nji ýylda rus dilinde aýratyn kitap bolup çyksa-da, türkmen diline terjime edilmändi. Ýogsam bolmasa, ol ýerde şol döwrüň türkmen edebiýatynda ady agzalmaýan Jüneýit hanyň ogullary barada maglumat bardy. Ýazyjy olar bilen duşuşyp bilipdir. Soňra ýagdaý özgerdi, ol taryh ylmy boýunça alymlyk derejesini almak üçin ýazan işini hem publisistik usula öwrüp, türkmen dilinde çap etdirip bilipdi.

Ýeri gelende aýtsak, hut şol barlag işleriniň netijesinde, Eziz han baradaky maglumatlaryň üstünden barypdyr, ýöne oňa ol meseläni agzamagy gadagan edipdirler. Soňra aç-açanlyk döwründe, hakykaty aýtmaga mümkinçilik dörän badyna ol iş “Eziz han hakda hakykat” ady bilen aýratyn kitap bolup çykdy.

Ýazyjynyň döredijiliginde halkyň taryhynyň iň galagoply hem bulaşyk döwürleri – geçen Graždanlyk urşy ýyllary, soňky kollektiwizasiýa hem geçen Watançylyk urşy esasy orun eýeleýär. Ol bu döwre başgaça seretmegi, bar bolan faktlary ýoýmazlygy başardy. Onuň iň aýdyň mysalynyň biri Eziz han baradaky hakykaty aýdyp bilmegidir. Şol döwrüň beýleki bir tanymal şahsyýeti Jüneýit han hakda hem mümkin bolan hakykaty aýtmagy başardy, ýagny ol hany baýdan-başa gara boýamady. Gurbanmämmet serdar, ýagny Jüneýit han örän gazaply adam bolupdyr, ol şol gazaply syýasaty bilen halk arasyndaky ogurlyga, ýaramaz endiklere hem ýalançylyga – milleti aldamak hem talamak çärelerine garşy göreşipdir. Sebäbi şol döwürde gazaply bolmakdan başga çäre ýa-da kanun bolmandyr. Hut şu meselede Gurbanmämmet serdar ilkinji nobatda öz maşgalasyna – çagalaryna dözümsiz daraşypdyr, ýagny öz golaýyny hem hut özüni aýap goýmandyr. Ýeri gelende aýtsak, Gurbanmämmet serdaryň örän watançy adam bolandygyny hem Rahym Esenow aýdyp bildi.

Görnükli türkmen ýazyjysy Rahym Esenow Azatlyk Radiosynyň Pragadaky baş binasynda. 13-nji iýun, 2006 ý.
Görnükli türkmen ýazyjysy Rahym Esenow Azatlyk Radiosynyň Pragadaky baş binasynda. 13-nji iýun, 2006 ý.

Türkmenistan Sowet Respublikasynyň döredilmegi, kollektiwiýasiýa ýyllarynyň eden-etdiligi meselesine ol Garaşsyzlykdan soňky ýyllarda dolandy. “Türkmen azatlygy” diýilýän toslanyp tapylan gurama barada, hamana, şol ýok gurama bilen “gatnaşykda bolan” adamlaryň ýok edilişi hakda, düýpli ylmy iş alyp bardy hem munuň türkmen intelligensiýasyny ýok etmek üçin, nähili ýowuz çäre bolandygyny aýdyp bildi.

Şonuň bilen birlikde, şol döwrüň pidalaryndan biri, Türkmenistanyň Merkezi Ispolnitel komitetiniň ilkinji başlygy Nedirbaý Aýtakow barada, iki kitapdan ybarat roman ýazdy.

Geçen Watançylyk urşy ýyllary barada aýdylanda, ol bu söweşe gatnaşdy. Uruş ýyllarynda iň soňky tapgyrda 1926-njy ýylda doglanlary fronta alýan ekenler, R. Esenow 1927-nji ýylyň 1-nji fewralynda doglansoň, ony hem 18 ýaşy dolan badyna, harby gulluga çagyrypdyrlar. Ol owal başda içerki harby bölümlerde gulluk edipdir. Bu barada ýazyjynyň ýatlama eserleri bar. Soňra 1945-nji ýylyň awgustynda, Ýapon urşuna gatnaşypdyr. ABŞ Ýaponiýa ilkinji atom bombasyny taşlanynda, Rahym Esenowyň gulluk edýän harby bölümi Uzak Gündogarda eken. Ol beýle hadysadan – atom bombasynyň taşlanmagyndan sowet soldatlarynyň habarsyz bolandygyny gürrüň berýär. “Men beýle hadysanyň bolandygyny ýapon urşy gutarandan soň eşitdim” diýip, goja esger ýatlaýar.

Rahym Esenow ikinji bir dildäki, ýagny rus dilindäki türkmen edebiýatyny döredijileriň ilkinjisi boldy. Bu ugur beýleki respublikalarda öňden ýörgünlidi, bizde bolsa ol işi Rahym Esen başlady hem ony ýokary netijä göterdi. Moskwadaky esasy neşiriň ilkinji ýerli habarçysy boldy. Şondan soň ýazyjy Aşgabat Mämmedow hem “Komsomolsakaýa prawda” gazetiniň habarçysy boldy hem öz eserlerini rus dilinde ýazdy. Soňky ýyllarda ýazyjy Akmyrat Şir tanaldy, onuň rus dilindäki kitaplary öwgä mynasyp boldy. Akmyrat Şir bilen bir wagtda, onuň uniwersitet ýoldaşy, teležurnalist Gurban Babaýew orta çykyp, Moskwanyň merkezi telewideniýesiniň Türkmenistan boýunça esasy habarçysy boldy. Ol hem öz goşgularyny rus dilinde ýazýardy.

Beýleki bir tarapdan, Rahym aga Esenow uzak ömrüniň dowamynda, geçen asyryň ikinji ýarymyndaky iň ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylary bilen duşuşdy, olar barada reportažlar ýazdy. Şol reportažlary hem eden bellikleri esasynda döreden ýatlamalary üçin, R. Esenow ýörite baýraga mynasyp boldy. Ikinji tarapdan, Türkmenistandaky döwlet ýolbaşçylaryndan başlap, önümçilikde ýa-da ylymda hem medeniýetde bolsun – ýurduň ähli tanymal adamlaryny tanaýardy, olar bilen nähilidir bir şertde, iş gullugy ýa-da döredijilik bilen baglanyşykly gatnaşykda boldy.

Ýeri gelende aýtsak, onuň ýatkeşligi gowudy. Bir gezek ol: “Çagalykda – ýaşlykda bolup geçen zatlaryň barysy gözümiň alnynda, indi bolsa düýnki bolan işi ýatlap bilmän durun” diýip garrylygyndan zeýrendi. Her halda, öz işine berkdi. Men ondan ýazyjy Beki Seýtäkow barada ýatlama bermegini soradym. Ol: “Beki aga barada bir gepleşik üçin aýtmaga söz ýeterlik, ýöne sen maňa wagt ber, men öňki depderime – eden belliklerime seredeýin” diýdi. Hakykatdanam, ol gürrüňi irki döwürlerden, takyk mysallardan başlady. Bu ýerde diýjek bolýanym, ol gören, gürleşen adamlary barada ýörite bellikler depderini ýöredýän eken. Ol takyk gürrüňe, faktlara berk sarpa goýýan adamdy.

Rahym aga Esenow Türkmenistanyň syýasy hem medeni durmuşynyň soňky 70 ýylynyň şaýady boldy. Onuň ömri taryh, şol taryh hem onuň döredijiligine siňdi. Başga bir adam beýle uzak hem öndürijilikli işläp bilendir öýdemok. Ondan galan miras şol döwri öwrenijililer üçin, ummasyz gymmatly maglumat çeşmesi bolsa gerek.

Ol uzak ömür ýoly bilen bize sagdyn ýaşamagy hem basa oturyp işlemegi öwretdi. Bir gezek men şahyr Saparmyrat Öwezberdini doglan güni bilen gutlap, oňa uzak ýaş arzuw edenimde, ol sözümi böldi. “Maňa beýle uzak ýaş gerek däl, meniň uly hormat goýýan adamlarym Gara Seýitli, Kerim Gurbannepes, Mämmet Seýit 60-a ýetmän gitdiler. Gurbannazar, Abdylla Myrat, Halyl Kuly, Täşli Gurban has ir ýogaldylar” diýdi. Gynansagam, bu şeýle, adamlar gysga ýaşa kaýyl bolýarlar, ynsan ömri, onuň hyzmaty barada ýeterlik alada edilenok. Ýöne ynsan, onda-da dörediji adam gaty haýal ýetişýär, ol kemala gelen badyna-da dünýäden ötmeli bolsa, bu örän haýp. Ajalyň garşysyna Rahym aga berk durup göreşdi. Ol Praga – Azatlyk Radiosyna geleninde, saglyk ýagdaýyndan arz ederdi, ýöne mertdi, çydamlydy, haýsydyr bir derde ýan bermän, işlemegini dowam etdirýärdi. Özüne hem bar bolan ukybyna eýelik etmek bilen ynsan ömrüniň uzak bolmalydygyny, onuň netijeli geçmelidigini biziň ählimize görkezýärdi.

Ol ynsan irginsiz zähmeti bilen ajalyň gaty daşdadygyny subut etdi. Uzak ýaşly adamlar bar wagtynda, beýlekiler özüni arkaýyn duýýarlar. Eger azar berilmedik bolsa, belki, ýüz ýaşa ýetip bilerdi. Ýöne ol şeýle bir gysyşa düşdi, hatda öz saglygyna seretdirmäge-de mümkinçilik tapmady.

Rahym aga, jaýyň Jennetden bolsun. Sen bütin manyly ömrüňi göreş bilen geçirdiň. Muny boýun almaly bolarlar.

Hudaýberdi HALLY, ýazyjy.

XS
SM
MD
LG